mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Altyn asyr» futbol topary çempionlyga ýol açdy

view-icon 4847
«Altyn asyr» futbol topary çempionlyga ýol açdy
camera-icon
tff.com.tm

Aşgabadyň «Altyn asyry» 9-njy tapgyryň jemleýji oýnunda «Ahaly» 2:1 hasabynda utup, Türkmenistanyň çempionatynda öňe saýlandy.

Duşuşyk «Aşgabat» stadionynda geçdi. 1-nji duşuşykda «Ahal» 3:1 hasabynda utup, öňe saýlandy we ony çempionatyň birinji ýarymyyň soňuna çenli saklady. Ýöne soňky iki tapgyrda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary öz öňdeligini ýitirdi. Netijede häzire çenli olar deň ýagdaýdady.

«Altyn asyryň» oýunçylary 31-nji minutda hasaby açdylar. Toparyň kapitany Ahmet Ataýewiň çepden beren pökgüsini Myrat Ananýew derwezä dürs gönükdirdi.

Oýnyň birinji ýarymyna goşmaça berlen wagtda Elman Tagaýew hasaby deňledi. Indi «Ahalyň» kapitany 8 pökgi geçirip, bombardirleriň arasynda öňde barýar.

73-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew öz toparyny öňe çykardy. Bu onuň bäşinji geçiren goly. Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» Nazar Towakelow hem şonça pökgi geçirmegi başardy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri goranyşda ynamly oýnap, ýeňiş gazandylar.

«Altyn asyr» indi 3 utuk tapawut bilen öňe çykdy we özüne çempion bolmaga golaýlaşdy.

Türkmenistanyň çempionatynyň tamalanmagyna 5 tapgyr oýun galdy. Çempionat 19-njy dekabrda tamamlanýar.

10-njy tapgyryň oýunalry 3-nji dekabrda bolar. Şol gün «Merw» – «Aşgabat», «Altyn asyr» – «Şagadam», «Nebitçi» – «Köpetdag», «Energetik» – «Ahal» bilen duşuşarlar.