Ï Eziz Diýarymyzda internet hyzmaty kämilleşýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Diýarymyzda internet hyzmaty kämilleşýär

view-icon 15689
Eziz Diýarymyzda internet hyzmaty kämilleşýär

Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) täze hasabatyna görä, dünýäde internet ulanyjylaryň sany köpelýär, emma dünýä ilatynyň 37%-i üçin ol henizem elýeterli däl. «Häzirki wagtda dünýä ilatynyň üçden iki bölegi internet bilen üpjün edilen bolsa-da, doly üpjün etmek üçin entek edilmeli işler kän. HEB galan 2,9 milliard ilatyň internet üpjünçiligi üçin gurluş mehanizmleriniň bardygyna göz ýetirmek maksady esasynda, ähli taraplar bilen işleşer» – diýip, HEB-niň Baş kätibi Houlin Çžao aýtdy.

Bilermenler pandemiýa garşy görülýän çäreler internete goşulýanlaryň köpelmegine goşant goşandygyny bellediler. Iki ýylda bu ulgamy ulanyjylaryň sany 17% artdy. Köpler goşulmaga mejbur boldular, sebäbi bu okamak, işlemek, täzelikler bilen tanyşmak we kommunal hyzmatlary üçin töleg tňlemäge ýeke-täk mümkinçilikdi. Pandemiýanyň ilkinji ýylynda dünýädäki internet ulanyjylaryň sany 10%-den gowrak artdy, bu soňky on ýylda iň uly ýyllyk ösüşdir. Özi-de, hünärmenleriň belleýşi ýaly täze birikmeklik ösýän ýurtlarda bolup geçdi.

Türkmenistanda häzirki zaman aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagynyň ösüşine, internetiň we sanly hyzmatlaryň elýeterlili bolmagy ýurdumyzyň umumy durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti hökmünde garalýar. Döwletimizde her ýyl geçirilýän telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýasy we ýaýlym enjamlary pudagyna degişli halkara sergiler, maslahatlar bu pudagyň gazananlaryny we ösüş mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Noýabr aýynda geçirilen «Türkmentel – 2021» 14-nji halkara maslahatynda eden çykyşynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda milli ykdysadyýetiň sanly tehnologiýa geçirilip, maglumatlaryň alyş-çalşygy üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýandygyny, munuň üçin bolsa ýokary tizlikli giň zolakly aragatnaşyk ulgamlarynyň we internetiň zerurdygyny nygtady.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Yslam ösüş banky (YÖB) bilelikde umumy bahasy 273 million ABŞ dollary bolan birnäçe taslamany durmuşa geçirýär. Olaryň kömegi netijesinde Türkmenistanyň tutuş çägini ýokary hilli mobil aragatnaşygy bilen üpjün etmek, bütindünýä ulgamynyň maglumat çeşmelerine elýeterliligi artdyrmak hem-de internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny ep-esli peseltmek meýilleşdirilýär.

Internet ulanyjylaryň sanyny köpeltmek üçin, «Altyn asyr» Milli Internet merkezi ilat üçin bahalary yzygiderli peseltmek syýasatyny alyp barýar. Mysal üçin, şu ýylyň fewral aýyndan bäri Türkmenistanyň elektroaragatnaşyk operatorlary internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny ep-esli peseltdiler, bu bolsa internet ulgamyndan peýdalanmak mümkinçiligini ep-esli artdyrýar. Telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, maglumatlary ibermegiň tizligini kämilleşdirmek maksady bilen, Aşgabatda we ähli welaýatlarda süýüm-optik kabel çekildi. Ilatyň barha artýan isleglerini göz öňünde tutup, operatorlar 4G-ni, ýakyn wagtda bolsa 5G-ni-de goşmak bilen, mobil aragatnaşyk, ýokary tizlikli internet we beýleki mobil hyzmatlar bilen Türkmenistany doly üpjün etmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem köp hyzmatly maglumat geçiriş ulgamyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Bütindünýä ulgamyna giňişleýin giriş bilen üpjün etmekden başga-da, ilat üçin aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini giňeldip, hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Mysal üçin, Aşgabadyň we welaýatlaryň köpçülik ýerlerinde giň çäkli simsiz internet TM Wi-Fi giriş nokatlary gurulýar, Türkmenistanda Wi-Fi ulgamynyň gerimi yzygiderli giňeýär. Ýakynda «Türkmentelekom» EAK Lebap welaýatynda 10-dan gowrak TM Wi-Fi giriş nokadynyň gurlandygyny habar berdi. Bu edaranyň resmi saýtynda Wi-Fi işleýän ýerlerini we çäklendirilmedik TM Wi-Fi üçin nyrhlary görkezýän interaktiw karta çap edildi.