Ï Türkmenistan we Hindistan taryhy gatnaşyklary kämilleşýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Hindistan taryhy gatnaşyklary kämilleşýär

view-icon 6897

Döwlet Baştutanymyz hormatly myhman hökmünde geljek ýylyň ýanwar aýynda Hindistan güni baýramyna we «Hindistan – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli sammitine çagyryldy. 2022-nji, ýubileý ýyly Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy we Hindistan döwletiniň garaşsyzlygynyň 75 ýyllygy bilen bellener. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň ýollan hatynda Hindistan bilen Türkmenistany birek-birek bilen däbe öwrülen ysnyşykly taryhy we medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy bellenilýär.

Bu gatnaşyklaryň çuňňur kökleriniň bardygyny türkmen halky bilen hindi halkynyň arasyndaky gatnaşyklaryň aňyrdan dowam edip gelýändigini tassyklaýan arheologik tapyndylar subut edýärler. Hindi söwdagärleri Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistana gaty belet bolupdyrlar.

1947-nji ýylyň 15-nji awgustynda Hindistan garaşsyzlyk alandan soň, onuň ilkinji premýer-ministri bolan, dünýäniň iň görnükli syýasy işgärlerinden biri Jawaharlal Nerunyň Türkmenistana sapary türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy. 1955-nji ýylda Jawaharlal Neru gyzy Indira Gandi bilen Sowet Soýuzyny aýlanyp çykdy, şonda ol Aşgabat şäherine-de geldi. Hindi ýolbaşçysynyň Aşgabat şäheriniň merkezindäki myhman bolan binasyna henizem «Nerunyň öýi» diýýärler. Bu jaýda 2016-njy ýylyň başyna çenli Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ýerleşýärdi, häzirki wagtda bolsa Russiýanyň konsullygy ýerleşýär. Aşgabatdaky iň ilkinji lukmançylyk mekdebi-de Indira Gandiniň adyny göterýär.

Bu gün Türkmenistan we Hindistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gepleşikleriň ösüşiniň ýokary depgini dowam etdirýärler. Özara peýdaly türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de artdyrmak mümkinçiligini Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we onuň hindi kärdeşi Subrahmaniýam Jaýşankar oktýabr aýynda Nur-Soltanda geçen Aziýadada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäginde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar «Merkezi Aziýa – Hindistan» gepleşikleriniň, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýanyň çäginde Türkmenistan bilen Hindistanyň işjeň gatnaşygyny bellediler, şeýle hem Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky taryhy gatnaşyklary täze formatda janlandyrmak we, umumylykda, Aziýa sebitiniň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmak üçin düzülen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.