Ï “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) Jemleýji resminamasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) Jemleýji resminamasy

view-icon 2375

“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýygnanyşyp;

Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygymyzy tassyklap;

Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy strategiýalaryny we maksatnamalaryny, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp;

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýip yglan eden 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda kabul eden 73/338 Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen;

Baş Assambleýanyň 1999-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda1 kabul eden, halkara bileleşik, ozaly bilen bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy üçin, adamzadyň, hususan-da, geljekki nesilleriň bähbitlerine kybap gelýän parahatçylyk medeniýetiniň hem-de zor salmazlygyň döremegine ýardam berýän köptaraplaýyn ygtyýarnama bolan Jarnamasynyň hem-de parahatçylygyň medeniýeti ulgamynda Hereketleriň maksatnamasynyň möhümdigini ykrar etmek bilen;

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde, hususan-da, Aşgabatda 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna dabaraly ýagdaýda badalga bermek boýunça ýokary derejeli çäräni, “Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny”, “Parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” hem-de “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara ýaşlar forumyny”2 we beýleki halkara hem-de sebit çärelerini geçirmekde hem-de guramakda başlangyç üçin Türkmenistana aýratyn hoşallyk bildirmek bilen;

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Başlygy tarapyndan 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda çagyrylan parahatçylyk medeniýeti boýunça ýokary derejeli forumyň netijelerini goldamak bilen, onuň dowamynda Baş Assambleýanyň agza döwletleri we synçylary hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar parahatçylyk medeniýeti ulgamynda Jarnamany hem-de Hereketleriň maksatnamasyny doly hem-de netijeli amala aşyrmak babatynda öz üstüne alan borçnamalaryny tassykladylar.

Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan yglan edilen we durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň dünýäniň döwletleriniň arasynda parahatçylykly, ynanyşykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini hem-de sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýratyn bellemek bilen;

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80 A hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” diýlip atlandyrylan Kararnamalarynyň, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän 71/275 Kararnamasyny, şeýle hem 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly 75/28 Kararnamasynyň ähmiýetini nygtamak bilen;

Şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisiniň 2020-nji ýylyň 28-nji noýabryndaky “YHG sebitinde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny” diýlip atlandyrylan 65/47 Kararnamasynyň ähmiýetini nygtamak bilen;

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda3 we 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda4 kabul edilen “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy” (Aşgabat jemleýji resminamalary) meselesi boýunça ýokary derejeli halkara maslahatlaryň jemleýji resminamalaryny nazara almak bilen;

1.Dünýäniň halklarynyň parahatçylykly we ynanyşmak esasynda ýaşaşmagynyň däplerini pugtalandyrmakda, gymmatly ýörelgeleri, dünýägaraýyşlary we parahatçylygy saklamagyň hem-de höweslendirmegiň däplerini dikeltmekde halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ählumumy berkarar bolmagynda, halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýen ählumumy başlangyjyny ilerletmek boýunça teklibini goldadylar;

2.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna we BMG-ä agza ýurtlara 2021-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de 2013 — 2022-nji ýyllarda medeniýetleriň ýakynlaşmagynyň halkara onýyllygyny geçirmegiň netijelerine esaslanan parahatçylygyň medeniýetini ilerletmek boýunça ählumumy çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek çagyryşy bilen ýüzlendiler, şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň derejesinde 2023 — 2032-nji ýyllar üçin parahatçylyk we ynanyşmagyň medeniýetiniň ählumumy onýyllygyny yglan etmegi teklip etdiler;

3.Halkara bileleşik tarapyndan amala aşyrylýan, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, jedelleri parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga, parahatçylygy saklamaga, dünýä gurluşyna, ýaragsyzlanmaga, durnukly ösüşe, adam mertebesini we adamyň hukuklaryny höweslendirmäge, durmuş taýdan goşulyşmaga, demokratiýa, milli, sebit we halkara derejelerde hukugyň hökmürowanlygyna ýardam etmäge gönükdirilen tagallalaryň parahatçylygyň medeniýetiniň kemala gelmegine saldamly goşant goşýandygyny ykrar etdiler;

4.Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, hususan-da, bu merkeziň binýadynda döredilen Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň netijeli işini nygtadylar;

5.Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlary, BMG ulgamynyň edaralaryny, sebit we sebitara guramalary ýaşlaryň parahatçylygyň medeniýetini, sabyrlylygy hem-de medeniýetara we dinara gatnaşyklary höweslendirmäge gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gurallary döretmek mümkinçiliklerine garamaga, şeýle hem zerur bolan halatynda, bilim maksatnamalary we taslamalary arkaly adam mertebesine, plýuralizme we köpdürlülige hormat goýmaga düşünmegi ösdürmäge çagyrdylar;

6.Birleşen Milletler Guramasynyň Siwilizasiýalar bileleşigine öz işini işjeňleşdirmegi maslahat berdiler. Ýaşlaryň parahatçylyk, ynanyşmak, habarlylyk, açyklyk, inklýuziwlik we özara hormatlamak ýaly gymmatlyklara düşünmegini çuňlaşdyrmak maksady bilen, olary parahatçylyk we ählumumy ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek bu işiň özeni bolup durýar;

7.Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ösdürmegiň, raýdaşlygy we sazlaşygy pugtalandyrmak arkaly durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam edýän gymmatlyklar hökmünde Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar;

8.Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisine, BMG-niň ulgamynyň edaralaryna we beýleki halkara, sebit hem-de sebitara guramalara parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ilerletmekde, jedelleri parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmakda, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda bitarap döwletleriň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmagy maslahat berdiler;

9.Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy boýunça döredilen hem-de parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmekde, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmakda Bitaraplygyň ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça giň köptaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmäge gönükdirilen, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki işini goldadylar, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisini hem-de degişli halkara düzümleri ýokarda agzalan toparyň çäklerinde hyzmatdaşlyga goşulmaga çagyrdylar;

10.Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisini, halkara we sebit guramalaryny, hökümete dahylsyz birleşikleri we hususy taraplary, şol sanda ýaşlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli her ýylyň 12-nji dekabrynda halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge çagyrdylar;

11.“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty gurandygy we geçirendigi üçin Türkmenistanyň halkyna we Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

2021-nji ýylyň 11-nji dekabry, Aşgabat.

1 BMG-niň Baş Assambleýasynyň 53/243 A we B Kararnamalary.

2 BMG-niň Baş Assambleýasynyň resminamasy hökmünde çap edilen forumyň A/75/833 jemleýji resminamasy.

3 BMG-niň Baş Assambleýasynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy (A/70/652-S/2016/20, goşundy).

4 BMG-niň Baş Assambleýasynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy (A/75/651-S/2020/1203, goşundy).