Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi sport bäsleşiklerini geçirdi.
Türkmenabat şäherindäki Köpugurly sport toplumynda ýeňil atletika boýunça Lebap welaýatynyň kubogyny almak ugrunda toparlaryň arasynda geçirilen ýaryşlar täsirliligi bilen tapawutlandy. Bäsleşiklerde erkek we zenan türgenleriň 102-si ýeňil atletikanyň disk, naýza, ýadro zyňmak, päsgelçiliklerden ylgamak, üçürdikläp bökmek, uzynlygyna we ýokarlygyna bökmek, şeýle hem estafeta görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. 102 türgenden ybarat 7 toparyň arasynda geçirilen ýaryşlarda Türkmenabat şäheriniň ýeňil atletikaçylary ynamly ýeňiş gazanmaklygy başardylar. Dänew we Çärjew etrabynyň toparlary degişlilikjde ikinji we üçünji baýrakly orunlary eýelediler.
Meýdançada 3x3 görnüşinde oýnalýan basketbol boýunça welaýat merkezinde geçirilen bäsleşige toparlaryň 12-si gatnaşdy. Gyzykly geçen bäleşiklerde Türkmenabat şäheriniň we Farap etrabynyň basketbolçy türgenleri has şowly çykyş edip, baýrakly orunlar mynasyp boldular.
Sportuň welotrek görnüşi boýunça Türkmenabat şäherindäki Köpugurly sport toplumynda geçirilen welaýat çempionatyna hem zehinli türgenleriň 30-a golaýy gatnaşdy. 200 metr aralyga sprint görnüşinde geçirilen şahsy birinjilikde Şatlyk Şöhradow, 500 metr aralykda git görnüşindäki ýaryşlarda bolsa Döwlet Orunow ähli bäsdeşlerinden ýokary netije görkezip, ýeňiji bolmaklygy başardylar.
Ýaryşlarda ýeňiji bolan hem-de baýrakly orunlary eýelän toparlara we türgenlere Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary we baýraklary gowşuryldy.