Ï Baş drama teatrynyň sahnasynda «Hindi rowaýaty»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baş drama teatrynyň sahnasynda «Hindi rowaýaty»

view-icon 8566
Baş drama teatrynyň sahnasynda «Hindi rowaýaty»
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Baş drama teatry «Hindi rowaýaty» spektakly bilen teatr möwsümini açdy. Hindilere mahsus ynsanperwerligi, owadanlygy we saza baýlygy bilen bu spektakl teatryň repetuaryndan düşmän gelýär.

Dramaturg Ahmet Gurbannepesow «Hindi rowaýaty» spektaklynda hindi rowaýatlarynyň birnäçesini bir sahna birleşdiripdir.

Bu oýunda ötgür degişmeler kän, tomaşaçylar olara hezil edip gülýärler. Galybeese-de, kaşaň zenan lybaslarydyr owadan hidi tanslary özüne çekýär. Horeograf Taisiýa Aliýewa bu gyzykly oýnuň gahrymanlarynyň ählisini tans meýdançasyna çykarýar.

Režisýor Eziz Işangulyýewiň «Hindi rowaýaty» spektakly Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky günlerde tomaşaçylaryň göwnüni göterýär. Aktýorlar - Dilşat Meläýewa, Şemşat Kasymowa, Batyr Çaryýew, Orazgeldi Durdyýew, Azat Didarow spektaklyň şowly çykmagyna ýardam etdiler.

Oýun goýujy nakgaş Maksat Amangylyjow sahnada hindi durmuşyny döredipdir. Ol tomaşaçylary wagtlaýynça wakalaryň bolýan ýurduna alyp gidýär.