Ï «Türkmenistanyň çöllerini saklap galmak we durnukly ulanmak» maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanyň çöllerini saklap galmak we durnukly ulanmak» maslahaty

view-icon 5584
«Türkmenistanyň çöllerini saklap galmak we durnukly ulanmak» maslahaty

2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkowyň Gaznasynyň (MSF, Germaniýa) bilelikdäki «Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy» — «Türkmenistanyň çöllerini saklap galmak we durnukly ulanmak» (CADI/КАДИ) taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi.

Wideomaslahata Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we oňa garaşly düzümleriň wekilleri, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky işleri boýunça Milli komissiýasynyň Sekretariatynyň hünärmenleri, ady agzalan taslamanyň bilermenleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkowyň Gaznasynyň bilelikdäki taslamasy Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2018-nji ýyldan bäri çöl goraghanalarynyň üçüsinde (Bereketli Garagum, Repetek we Gaplaňgyr) magluamtlary täzelemek we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna goşdurmak üçin tapgyrlaýyn transmilli «Aram guşaklygyň Turan çölleri» obýekti taýýarlanylanda anyk ylmy materiallary ulanmak üçin bioköpdürlülige barlag geçirmek boýunça toplumlaýyn saparlar geçirildi.

Masalahatda goraghanalary dolandyrmagyň bäşýyllyk Meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, olar «Aram guşaklygyň Turan çölleri» hödürnamasynyň zerur bölegidir. Ylym we gorag bölümleriniň mümkinçiligini güýçlendirmek, ylmy barlaglary gowulandyrmak, yzygiderli gözegçilik geçirmek üçin çöl goraghanalaryna goşmaça tehniki enjamlar, meýdan abzallary berildi.Taslama Bereketli Garagum döwlet tebigy goraghanasynyň Çalyş Ylmy-eskperimental merkezinde «Garagumuň tebigaty» Maglumatlar wizit-merkezi döredildi we enjamlaşdyryldy.

Taslamanyň tapgyrlaýyn transmilli «Aram guşaklygyň Turan çölleri» obýektini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna goşdurmak üçin çäreler 2022-nji ýylyň ýanwarynda tamamlanar.

Şirin Garryýewa,
«Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy» – «Türkmenistanyň çöllerini saklap galmak we durnukly ulanmak» taslamasynyň ýolbaşçysy.