Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 7609
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylarynyň, şu ýokary okuw mekdebiniň ýaş diplomatlar mekdebiniň wekilleriniň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» aň-paýhas taslamasynyň II tapgyry geçirldi. «Parfiýa we Hun döwletleriniň diplomatiýasy hem-de diplomatik däpleri» bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynyň mowzugy boldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine gyzykly gezelenç çäräniň başyny başlady. Bu ýerde okuwçylara Parfiýa we Hun döwletleriniň döwrüne degişli özboluşly eksponatlar toplumy görkezildi. Halkyň baý milli taryhyna, medeniýetine, ýörelgelerine şaýatlyk edýän gadymy arheologik tapyndylar, muzeý gymmatlyklary tematiki bäsleşige gatnaşýanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Soňra institutyň özünde bäsleşik geçirildi. Bu ýerde parfiýalylar we hunlar döwrüniň ruhunda bezelen Türkmeniň ak öýi ýerleşdirilipdir. Her bir türkmen öýüne halylar we haly önümleri oňa bezeg berdi. Parfiýa sungatynyň dünýä belli ritonlary hemmäniň ünsüni çekdi.

Olar sowallara jogap berip, emin agzalaryny we taslamanyň guramaçylaryny temany çuňňur bilýändikleri bilen begendirdiler. Bäsleşigiň 2-nji tapgyrynda Aşgabadyň, şeýle hem Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň orta mekdeplerinň 9-11-nji synp okuwçylarynyň 8-si bäsleşdiler.

Eminler topary tapgyryň iň güýçli okuwçylarynyň diňe ikisini saýlmalydylar. Netijede M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew bilen Daşoguz welaýatynyň Könürgenç şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Döwletýarowa ýeňiji diýlip yglan edildi.

Ýeňijilere «Aýdyň gijeler» Hojalyk jemgyýetinde öndürilen planşet baýraklar gowşuryldy, şeýle hem olar bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine beýleki hemaýatkärlerden sowgatlyklar we ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň adyndan sertifikatlar gowşuryldy.

Taslamanyň meýilnamasyna laýyklykda, indiki ýylyň maý aýyna çenli bäsleşigň esasy tapgyry geçiriler. Her tapgyryň netijesi boýunça iki ýeňiji yglan ediler. Soňra olaryň gatnaşmagynda jemleýji IX we X tapgyrlar geçirilip, taslamanyň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň üçüsi kesgitlener.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň tapgyrlary «Miras» milli teleýaýlymynda görkeziler.