Ï Öri meýdanlaryň suw üpjünçiligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öri meýdanlaryň suw üpjünçiligi

view-icon 6175
Öri meýdanlaryň suw üpjünçiligi

Daşoguz welaýatynyň uzak öri meýdanlarynda suwaryş desgalarynyň ulgamyna ýene bir guýy goşuldy. Çuňlugy 12 metr bolan bu täze desgany S.A.Nyýazow etrabynyň «Yslam oý» öri meýdanynda «Daşoguzörisuw» abatlaýyş we gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri gurdular. Ol birnäçe gektar meýdanda bakylýan sürüleri suwa ýakmak üçin olum bilen üpjün etmäge we çöl ýerde arzan tebigy iýmit çeşmesi bolan mal bakmak üçin niýetlenen uzak ýerleri has netijeli peýdalanmaga ukyplydyr.

Maldarçylyk pudagynda öri dowar we düýedarlyk üstünlikli amala aşyrylýan Daşoguz welaýatynda öri meýdanlarynyň ýagdaýyna we ot-iým mümkinçiliklerine hemişe aýratyn üns berilýär. Olary netijeli ulanmagyň, şol sanda maldarçylyk önümleriniň özüne düşýän gymmatyny pese düşürmek üçin ulanmagyň-da esasy serişdelerinden biri suw gorunyň çuňlugyna we gündelik kuwwatyna görä tapawutlanýan ösen guýy ulgamynyň bolmagydyr. Olar bu ýerde mallar üçin ýokary hilli suw üpjünçiliginiň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýärler. Öri meýdanlarynyň yzygiderli suwlylandyrylmagy ekologiýa kadalarynyň we tebigaty tygşytly dolandyrmagyň talaplarynyň berk berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar. Özi-de, täze guýular gurlanda, çykdajylaryň çalt ödelmegine ýardam edýän ähli şertler göz öňünde tutulýar.

Şol bir wagtyň özünde, sebitiň çäginde bar bolan suw üpjünçilik desgalaryny kadaly ýagdaýda saklamak üçin, her ýyl uly işler alnyp barylýar. Diňe şu ýyl «Daşoguzörisuw» abatlaýyş we gurluşyk şereketiniň hünärmenleri 15 guýuda desgalaryň netijeli ulanylmagyna we hyzmat ediş möhletiniň uzaldylmagyna goşant goşjak täzeleýiş işlerini amala aşyrdylar. On iki aýyň dowamynda kärhananyň işgärleri öri meýdanlarynyň infrastrukturasyny ösdürmäge we mallaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen 248 müň manatlyk dürli işleri amala aşyrdylar, bu bolsa olara ýyllyk tabşyrygyň hötdesinden üstünlik bilen gelmäge mümkinçilik berdi.