Ï Paýtagtymyzdaky baş Täze ýyl arçasy «Iň beýik arça» adyny alýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzdaky baş Täze ýyl arçasy «Iň beýik arça» adyny alýar

view-icon 8247
Paýtagtymyzdaky baş Täze ýyl arçasy «Iň beýik arça» adyny alýar

Däp boýunça, Aşgabatda «Älem» medeni we dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan baş arçanyň üstündäki çyralar ýakylan pursadyndan başlap, ýurdumyzda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çärelerine badalga berildi.

Boýy 38,5 metr bolan owadan, göze ýakymly lybasly ýaşyl gözelligiň çür başynda «2022» ýazgyly sekizburçly ýyldyz ýerleşdirilipdir. Bu ýere gelýän myhmanlary Aýaz baba bilen Garpamyk gyzykly aýdym-sazly, sowgatlar bilen doly, özüne çekiji sahnalaşdyrylan çykyşlara çagyrýarlar.

Sabyrsyz çagalar, agşam gezelenji üçin her gezek täze ýer saýlamak bilen, ene-atalaryny paýtagtyň özgeren künjeklerine çekýärler. Ýolda olar täze ýyl bezegi bilen bezelen ýaşaýyş jaýlarynyň penjirelerine seredýärler we kimde iň oňat, has owadan we özboluşly baýramçylyk kompozisiýasynyň dörändigi barada öz aralarynda jedel edýärler.

Biz bolsak internet giňişliginde gezelenç etmek we golaý goňşularymyzyň, hususan-da Türkmenistanyň guryýerde we özüniň köpsanly atlaryna biziň günlerimizde dostluk we sazlaşyk deňzi diýen buýsançly ady goşan Hazaryň suw giňişliklerinde serhetleşýänleriň Täze ýyly garşylamaga nähili taýýarlyk görýändiklerine syn etmek kararyna geldik.

Täze ýyl gijesi Russiýanyň paýtagtynda dabaralar, adatça, Moskwa Kremliniň iň gadymy meýdançasy bolan baş ybadathana meýdanynda geçiriler. Bu ýerde oturdylan Täze ýyl agajy «Morozko» ertekisi usulynda bezelipdir. Ol beýikligi, şahalarynyň ýaýrawy, iňňeleriň möçberi, şahalaryň ýagdaýy, daşky görnüşi we ýaşy boýunça 37 agaçdan üstün çykyp, Moskwanyň etegindäki Şýolkowodan gelipdir. KHS-de habar berlişi ýaly, 90 ýaşly agajyň beýikligi 28 metre, göwdesiniň diametri 56 santimetre, aşaky şahalarynyň gerimi 10 metre ýetýär.

Baýrama agtygy Garpamyk bilen Aýaz baba Welikiý Ustýugda ýerleşýän mesgeninden geler.

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda baş Täze ýyl arçasy EXPO sergisiniň çäginde oturdyldy. 25 metrlik tokaý gözeli «Nur Alem» togalagynyň öňündäki meýdançada howalanyp dur. Onuň diametri – 10 metr, agramy – 4048 kg.

Aýaz Atanyň (bu ýerde Aýaz babanyň ady) hasasyny salgamagy bilen, bir pursatda arçada 1600-den gowrak täze ýyl şary, 300-e golaý uly we kiçi gar tozgajygy şöhle saçdy.

Özbegistanyň esasy arça agajynyň boýy 35 metr. Ol bu gezek Daşkent welaýatynyň Kibraý etrabynda şäheriň daşynda ýerleşýän Ýangi Özbegiston («Täze Özbegistan») seýilgähinde oturdyldy. Bu ýerde meşhur artistleriň çykyşlaryny diňläp, ýarmarkada ýadygärlik sowgatlaryny satyn alyp we dynç almaga ýörite baýramçylyk üçin gurlan buz meýdançasynda buzuň ýagdaýyny barlap bilersiňiz.

Özbegistanda Aýaz baba we Garpamyga Kor Bobo we Korgyz diýilýär. Milli özbek parçasyndan tikilen donda we gyzyl reňkli milli tahýada Kor Bobo jadyly eşekli gezýär. Täze ýyl agşamynda oňa palan salmak şowlulygyň guýrugyndan tutmak ýaly bir zatdyr.

Azerbaýjanyň baş arçasy Bakuwda «Azneft» meýdançasynda oturdyldy. Çagalary we ululary Şahta baba we gar agtygy Gargyz garşylaýar. Rowaýata görä, Azerbaýjanyň Aýaz babasy daglaryň buz baglan depelerinde ýaşaýar. Çagalar ynanýarlar: eger şäheriň üstünde seýrek gar tozgalary peýda bolsa, diýmek Şahta baba hemmeleri Täze ýyl bilen gutlamak üçin, aşak düşýär.

Şu günler hemme ýerde «Ýeni iliniz mübaräk!» sözleri çar ýanda ýaňlanýar. Mundan başga-da, 31-nji dekabrda ýurtda ýene bir baýramçylyk – dünýä azerbaýjanlylarynyň raýdaşlyk güni bellenýär.

Günorta goňşularymyz Eýran we Owganystan täze ýyly resmi taýdan köp ýurtda bolşy ýaly, Gregorian senenamasyna görä 1-nji ýanwarda däl-de, 21-nji martda, gije bilen gündiziň deňleşýän baharyň birinji güni belleýärler.

Täze ýyla taýýarlyk hemme ýerde tamamlanyp barýar. Diýmek, soňky birnäçe ýylda bolşy ýaly, Aşgabatda oturdylan Täze ýyl arçasynyň GDA ýurtlarynyň paýtagtlarynda oturdylan ýaşyl gözellikleriň arasynda beýikligi boýunça ýene-de birinji boljakdygyna ynanýarys.