Ï Simfoniki orkestriň Täze ýyl sowgady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Simfoniki orkestriň Täze ýyl sowgady

view-icon 5262
Simfoniki orkestriň Täze ýyl sowgady
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Täze ýylyň öň ýanynda aşgabatly tomaşaçylar ýene-de Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň Ernst Gofmanyň «Döwgüç» ertekisine döreden baletiniň jadyly älemine düşdüler. Mukamlar köşgünde çagalar we ulular Täze ýyl baýramçylygyň öňüsyrasynda doktor Ştalbaumyň owadan öýünde bolan üýtgeşik wakanyň şaýady boldular. Bu gezek «Döwgüç» amerikan film-baleti görkezildi. Onda şazadanyň keşbini «Öýde bir özi» filminden tanalan Makоleý Kalkin döredipdir.

Döwlet simfoniki orkestriniň çykyşy biraz Täze ýyl, çagalara niýetlenen we juda hoşamaý ertekini jadyly saz bezegi boldy. Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň meşhur eseri ussatlarça ýerine ýetirildi.

Tomaşaçylar täze ýylyň öň ýanynda ýatdan çykmajak jadyly agşamlaryň birine öwrülen ertekä gatnaşan ärtistleriň ählisini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

-Gadyrdan dostlar! Zaly dolduryp oturan gadyrly körpeje tomaşaçylar! Siz –biziň geljekki tomaşaçylarymyz. Sizsiz biziň sazdaky üstünligimiziň manysy bolmazdy. Men bilelikde saz sungatynyň dünýäsine aralaşandygymyz üçin bagtyýar. Ýetip gelýän Täze – 2022-nji ýylyňyz gutly bolsun! Size saglyk, söýgi-mähir we şowlulygyň ýar bolmagyny arzuw edýärin!—diýip, saz agşamyny gurnaýjy Resul Gylyjow gutlady.