Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygy içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan daýhan hojalygynyň 50 gektar meýdany tutýan önümçilik desgalarynda, ýyllyk kuwwaty sekiz müň tonna towuk etini öndürýän bölüm, 14 million jüýje çykarýan inkubator, şeýle hem 15 million azyklyk, 15 million tohumlyk ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumlary hereket edýär.
«Nurly meýdan» daýhan hojalygy mundan birnäçe ýyl öň inkubatorly guşçulyk toplumyny işe girizmek bilen, ýurdumyzda ilkinji bolup, inkubasiýa boýunça taslamany durmuşa geçirdi. Bu usul broýler guş etini hem-de ýumurtgalary öndürmäge mümkinçilik berip, häzirki zaman guşçulyk pudagynda synagdan geçirilen öňdebaryjy tehnologiýa peýdalanylýar.
Daýhan hojalygynda geljek täze ýylda iri şahly mallaryň we düýeleriň baş sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şu jähtden mallar we towuklar üçin ot-iýmleri taýýarlamak işleri ýola goýlupdyr. Munuň üçin sagatda 10 tonna ýokumly iýmleri öndürmäge niýetlenen ýörite kärhana guruldy. Hojalygyň ekerançylyk meýdanlarynda soya, bugdaý, arpa, ýorunja ösdürilip ýetişdirilýär.
Hojalygyň ýyladyşhanasynda limon ýetişdirilýär. Täze ýylda onuň çäklerini giňeltmek maksady bilen goşmaça ýyladyşhanany gurmak göz öňünde tutulýar. Häzir, ýylyň dowamynda bu ýerde limon düýpleriniň 100-si bolup, olardan bol we ýokary hilli hasyl alynýar. Saglyk üçin juda peýdaly bolan ter limon önümleri-de bu gün ildeşlerimiziň baýramçylyk saçagyny bezeýär.
«Nurly meýdan» daýhan hojalygy dürli hilli golland bägülleri ösdürip ýetişdirmekde hem ýurdumyzda uly meşhurlyga eýedir. Daýhan hojalygynyň «Güljahan» gülçülik toplumynda üç gektar meýdany tutýan ýyladyşhanalarda bägülleriň 15-den gowrak görnüşi ýetişdirilýär.
Häzirki wagtda gülçülik toplumyndaky golland gülleriniň düýp sany 80 müňe ýetýär.
– Gollandiýadan getirilip oturdylan bägül şitillerinde bol hasyl aldyk. Häzir günüň dowamynda iki wagtyna ter gül çemenlerini ýygýarys. Agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýola goýlan gülçülik toplumymyzda ýylda bägülleriň 500 müňüsini ýetişdirýäris. Gülleri welaýatlarda we paýtagtymyzda hereket edýän gülçülik dükanlarymyzda alyjylara ýetirýäris — diýip, gülçülik toplumynyň ýolbaşçysy, ussat telekeçi Güljahan Ýagmyrowa gürrüň berdi.
Üstümizdäki ýyl «Nurly meýdan» daýhan hojalygy üçin düşümli, şowly ýyllaryň biri boldy. Ylmyň, tehnikanyň, öňdebaryjy tehnolgiýanyň çalt ösüp, özgerýän döwründe bu şeýle hem bolmaly. Çünki döwür bilen aýakdaş gitmek, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, halal zähmet çekip, bagtyýar ýaşamak her bir işewüriň baş maksady bolup durýar. Biz hem olara asylly maksatlaryna ýetmekde uly üstünlikleriň, täze rowaçlyklaryň hemişe hemra bolmagyny arzuw edýäris.