mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 2738
Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

Iri halkara guramanyň wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji direktory Ketrin Rasseliň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de gaznanyň Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň täze ýolbaşçysyny jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda ÝUNISEF bilen gatnaşyklaryň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Bu babatda çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň milli meýilnamasyndan ugur alynýar. Bu meýilnama ýurdumyzyň hem-de durnukly ösüşiň ählumumy bähbitlerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilendigi bellenildi.

Geçen ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatda resminamalaryň hem-de köptaraplaýyn namalaryň ençemesine gol çekilmegi bu gatnaşyklaryň ajaýyp miwesidir. Şol resminamalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamalary, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ÝUNISEF-niň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama we beýlekiler bar.

ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanda döwlet derejesinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş ulgamyna, aýratyn hem enäniň we çaganyň saglygyny goramaga uly üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Ýurdumyz lukmançylyk diplomatiýasy babatda gatnaşyklary ösdürmek işinde, adamlaryň saglygyny goramak ulgamynda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmek boýunça ylmy maglumatlary alyşmakda uly tejribe toplady.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Merkezi Aziýada epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy hem-de Türkmenistanda Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurmak baradaky çözgüdi nygtaldy. Bu çözgüt Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz ÝUNISEF tarapyndan eneligi we çagalygy goramak ulgamynda berilýän goldaw hem-de giň gerimli milli taslamalary durmuşa geçirmekde, şol sanda BSGG bilen bilelikde azyk önümlerini baýlaşdyrmak we ilaty ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün etmek hem-de çagalaryň sanjymyny geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde taslamalary durmuşa geçirmekde berýän kömegi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan çagalara sanjym geçirmek boýunça Merkezi Aziýa sebitinde öňde barýar.

Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnamada we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda; Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýada hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda; Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Milli strategiýada we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda; Saglygy goraýyş ulgamynda işiň aýry-aýry ugurlarynyň 2021-nji ýylda tassyklanan ýurduň ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasynda anyklaşdyrylandygy nygtaldy.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde gol çekilen özara hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama laýyklykda, Türkmenistan BSGG tarapyndan ygtyýarlandyrylan immunobiologik serişdeleri yzygiderli satyn alyp, ilatyň muzdsuz sanjym edilmegini gurady.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär, saglygy goramak boýunça maksatnamalar, şol sanda keseliň öňüni almak boýunça maksatnama amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň belent ruhy ýörelgelerine eýerilip, saglygy babatda mümkinçiligi çäkli çagalary goldamaga uly üns berilýändigini nygtady. Munuň özi hukuk kepillikleriniň, ykdysady we durmuş çäreleriniň toplumyny öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşynda sanly tehnologiýalaryň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, onuň milli bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň her bir tapgyrynda zerur bolan kompýuter enjamlary giňden ulanylýar, internet elýeterli boldy, birinji synp okuwçylarynyň her birine şahsy kompýuterler berilýär.

Mohammad Faýýazi BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özi üçin Türkmenistanda işlemegiň uly hormatdygyny belledi hem-de öz tarapyndan bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesine esaslanýan we uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam etjekdigine ynandyrdy.