Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary we işgärleri, professor-mugallymlar we talyplar hem-de milli habar beriş serşdeleriň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl agşamy peşgeş beren «Jan Watanym Türkmenistan!» goşgusynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygarly täze, 2022-nji ýylda tutuş türkmen halkyna ajaýyp baýramçylyk sowgady bolandygyny bellediler.
Döwlet Baştutanymyzyň eseriniň mazmuny barada gürrüň edilende, goşgynyň Türkmenistanyň parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmekdäki, halkara durnuklylygyna we howpsuzlygyna gönükdirilen döwletleriň arasynda hoşmeýilli ynanyşykly gatnaşyklary ýola goýmakdaky belent sepgitlerini we ýeňişlerini beýan edýändigi bellenildi.
Maslahata gatnaşanlaryň aýratyn belleýşi ýaly, milli Liderimiziziň goşgusy ildeşlerimizi eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň hatyrasyna täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda täze, 2022-nji ýylda halkymyzy begendiren ajaýyp sowgady üçin hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de döredijilik üstünliklerini, berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdiler.