mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Eziz Diýarymyzda Parižde geçiriljek Olimpiýa hem-de Paralimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlary taýýarlamak boýunça maksatnamany göz öňünde tutulýar

view-icon 4112
Eziz Diýarymyzda Parižde geçiriljek Olimpiýa hem-de Paralimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlary taýýarlamak boýunça maksatnamany göz öňünde tutulýar

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň bu halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy, milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn esasda taýýarlamak boýunça maksatnamany hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzda ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, döwlet derejesinde bedenterbiýäni we sporty goldamak, wagyz etmek hem-de ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.

Gysga döwrüň içinde Türkmenistan dünýä we yklym derejesindäki möhüm halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň sport arkaly parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýan nusgalyk başlangyçlary bilen Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi ýaly iri halkara sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň türgenlerini taýýarlamak we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek hem-de ýokary netije gazanmaklary üçin zerur şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylygy we abadançylygy alamatlandyrýan sport toýuna — Parižde geçiriljek Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygy bellenildi. Häzirki döwrüň şertlerine laýyklykda, sport parahatçylygyň ilçisi hem-de halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Geçen ýylyň ýanwarynda tassyklanan Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem şuňa gönükdirilendir. Bu maksatnamanyň esasy ugry ýokary derejeli türgenleri, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Bu gün dünýä derejesindäki uly ýaryşlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýän hem-de ýurdumyzyň sport abraýynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan ýaş we zehinli türgenleriň ýeňişleri milli sport ulgamynda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, biziň türgenlerimiziň mundan beýläk-de ata Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorajakdygyna, özleriniň ussatlygy bilen Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerini berkarar etjekdigine ynam bildirdi.