Ï Ýurdumyzyň futbol topary ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň futbol topary ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

view-icon 5460
Ýurdumyzyň futbol topary ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirlginiň «Ahal» topary 19 ýyldan soň ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder. Bu AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin ygtyýarnama alandan soň belli boldy.

Geçen möwsümde «Ahal» Türkmenistanyň çempionatynda altynjy gezek kümüş medaly eýeledi we ilkinji gezek Aziýada ähmiýeti boýunça ikinji derejeli ýaryşyň – AFK-nyň Kubogy ugrunda Merkezi Aziýa zolagynyň finalyna çykdy.

«Ahal» Çempionlar ligasynda toparlaýyn ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýär, oňa 40 klub gatnaşar, bije çekmek netijesinde olar hersinde 4 klubdan ybarat bolan 10 topara bölünerler.

17-nji ýanwarda boljak bije çekişlige «Ahal» toparyň bäsdeşelşleri belli bolar. Şundan öň Aziýa futbol konfederasiýasy bije sebetlerini aýan etdi. Türkmenistanyň wise-çempiony «Pahtakor» (Özbegistan), «Al-Wehdat» (Iordaniýa), «Mumbai Siti» (Hindistan) we «Istiklol» (Täjigistan) klublary bilen Günbatar zolagyň üçünji sebedine düşdi, ol bu klublar bilen duşuşmaz.

Günbatar zolagyň sebedi dolulygyna şeýle:

1-nji sebet: «Al-Sadd» (Katar), «Al-Hilal» (Saud Arabystany), «Fulad Huzestan» (Eýran), «Al-Jazira» (BAE), «Al-Duhaýl» (Katar).

2-nji sebet: «Al-Faýsali» (Saud Arabystany), «Sepahan» (Eýran), «Şabab Al-Ahli Dubaý» (BAE), «Al-Raýan» (Katar), «Al-Şabab» (Saud Arabystany).

3-nji sebet: «Pahtakor» (Özbegistan), «Al-Wehdat» (Iordaniýa), «Mumbai Siti» (Hindistan), «Istiklol» (Täjigistan), «Ahal» (Türkmenistan).

4-nji sebet: «Eýr Fors» (Yrak), «Al-Taawun» (Saud Arabystany) – «Al-Jaiş» (Siriýa) jübütiniň ýeňijisi, «Baniýas» (BAE) – «Nasaf» (Özbegistan) jübütiniň ýeňijisi, «Şarja» (BAE) – «Al-Zawraa» (Yrak).

Ýaryşyň 1/8 finalyna toparlaryň ýeňijisi we Günbatar hem-de Gündogar zolaklarda ikinji orny eýelän toparlaryň güýçlüleriniň 3-si çykar.

Aziýanyň esasy topar ýaryşy 1967-nji ýyldan bäri geçirilýär. 1971-nji ýyla çenli oňa Aziýanyň klublar çempionaty diýilýärdi. 1972 – 1985-nji ýyllar aralygynda ýaryş geçirilmedi. 1986-njy ýyldan 2002-nji ýyla çenli ol Aziýanyň Çempionlar kubogy diýlip atlandyryldy. 2003-nji ýylda Aziýanyň Çempionlar kubogy bilen Aziýanyň klublarynyň eýeleriniň kubogy ýaryşy bilen birleşenden soň, ýaryş häzirki adyna eýe boldy.

AFK-nyň Çempionlar ligasynda türkmen klublary soňky gezek 2003-nji ýylda çykyş edipdiler. Şonda Aşgabadyň «Nisasy» toparlaýyn ýaryşyň çärýek finalyna çykypdy.