Ï Bala goşulan hozuň peýdaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bala goşulan hozuň peýdasy

view-icon 22217
Bala goşulan hozuň peýdasy
Bala goşulan hozuň peýdasy
Bala goşulan hozuň peýdasy
Bala goşulan hozuň peýdasy

Tebigy balyň peýdasy barada köp adamlar bilýärler, gyşda bu önüm adam bedeni üçin aýratyn möhümdir.

Bal sowuklama keselleriniň öňüni almak we immunitet ulgamyny güýçlendirmek üçin ulanmaklyk maslahat berilýär. Hoz bilen garylanda, bu şirin nygmat iki esse köp peýda berýär.

«Köýtendagly» haryt nyşany bilen bal önümlerini öndürýän türkmen telekeçileri arasynda arassa hoz, arydylan pisse, badam goşulan ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli bal öndürýärler.

Bal garylan hoz biri-biriniň peýdaly häsiýetlerini artdyrýar, bedende ýetmezlik edýän witaminleriň we mikroelementleriň öwezini dolýar.

Bal ýokançlyklara, wiruslara, bakteriýalara garşy närseleriň garşysyna göreşýär.

Hoz adam bedeniniň garramagyny haýalladýan güýçli antioksidantdyr. Hoz witamin we mineral düzümi taýdan dürli miwelerden has ýokumlydyr. Hozda fosfor, demir, magniý, kaliý, natriý, «B» topar witaminleri, A, E, P witamini we beýleki peýdaly elementler bar.

Bal bilen hozuň garyndysy ýokary kaloriýaly bolýar. Ýöne bu doly siňip, bedeni energiýa we dokluk duýgusy bilen doldurýan kaloriýadyr.

Hoza miwe kişdesini, limon, ysly zatlary we beýleki peýdaly maddalary goşmak bilen, özüňiz hem taýýarlap bilersiňiz https://turkmenistan. gov.tm/ru/post/58513/vostochnye-suhofrukty-dlya-immuniteta.

Ýokarda aýdylanlardan başga-da her gün 1-2 çaý çemçesi bal ulanmak içegäniň mikroflorasyna peýdaly täsir eder, deriniň ýagdaýyny gowulandyrar we nerw ulgamyny köşeşdirer.