mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Тürkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sahypalarynda möhüm temalar beýanyny tapýar

view-icon 2065
«Тürkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sahypalarynda möhüm temalar beýanyny tapýar

«Тürkmenistan Sport» halkara žurnalynyň 4-nji sany hormatly Prezidentimiziň Watana söýgüni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wasp edýän «Ýaşasyn parahat durmuş!» goşgusy bilen açylýar. Goşgynyň her setirinde watanperwerlik, halk agzybirligi, parahatçylyk, çagalaryň bagtyýar geljegi üçin aladasy duýulýar.

Mälim bolşy ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna nyşany hökmünde Wepaly atly türkmen alabaýynyň keşbi nusga edilip alnypdy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze ýyl arçasyndaky sportuň 21 görnüşinde Wepalynyň keşbi doly beýan edilýär. «Wepaly sporty we bedenterbiýäni wagyz edýär» makalasy şoňa bagyşlandy.

«Sport diplomatiýasy» makalasynda ýurdumyzda ýokary döwlet derejesinde jemgyýetimiziň sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilýändigi, dostluk we ynsanperwerlik asylly ýörelgeleriniň ornaşdyrylýandygy, sportuň hemmetarapalýyn wagyz edilýändigi nygtalýar.

Ippoterapiýa – adam saglygyny at münmek arkaly bejeriliş usuly barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Ýolaman Mämmedowyň makalasynda gürrüň edilýär.

«Türkmen tazysy – halkyň baýlygy» makalasy itşynaslygyň muşdaklaryny gyzyklandyrsa gerek.

Köne futbol janköýerleri Moskwanyň «Torpedosynyň» «Kolhozçy» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmäge Aşgabada gelen döwrüni bilýän bolasa gerek. 2:2 hasabynda deň tamalanan oýnuň gyzykly pursatlary barada «Futbol senenamasynyň sahypasynda» gürrüň berilýär.

Türkmen futbolunyň weterany – Aşgabadyň «Kolhozçy» ozalky sag tarapdaky goragçysy Baýram Gutlyýew barada «Segsen ýaşly futbolçy» makalasynda gürrüň berilýär.

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa ýaryşlarynda nähili täze tehnologiýalar ulanylar? Bu sowala «Robotlar Olimpiada-2022 ornaşdyrylýar» habarynda jogap berler. Geljekki Gyşky Olimpiada tehnologiýa babatda Tokio-2020-den pes bomaz.

Kiçeňräk zarisowka belli türkmen fotožurnalisti Dörtguly Myratgulyýewe bagyşlanýar. Bu ussat tejribesini ýaşlara öwredýär, kärdeşleri bilen ussatlyk syrlaryny paýlaşýar. «Halypa fotožurnalist» bölümi bu ussada bagyşlanýar.

Neşirimiziň gowy aýratynlyklarynyň biri-de – ýaş awtrolar bilen hyzmatdaşlykdyr. Şeýle debýutantlaryň birem Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Emir Garajaýewdir. Onuň Katarda geçirijek futbol boýunça Dünýä çempionaty hakynda ilkinji makalasy siziň ünsüňizi özüne çeker.

Žurnalda ýurdumyzyň sport we bedenterbiýe hereketine bagyşlanan beýleki materiallar, daşary ýurt sport täzelikleri we ş.m. ýerleşdirilipdir.