mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Altyn asyryň» we «Köpetdagyň» garşydaşlary belli boldy

view-icon 5882
«Altyn asyryň» we «Köpetdagyň» garşydaşlary belli boldy

Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Malaýziýadaky merkezinde geçirilen bije çekişliginde AFK-2022 Kubogynda türkmen toparlarynyň garşydaşlary kesgitlendi.

Onuň netijesine görä Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň «SSKA» (Duşanbe, Täjigistan), «Neftçi» (Koçkor-Ata, Gyrgyzystan) we Özbek klublarynyň biri — Karşydan «Nasaf» ýa-da Jizzakdan «Sogdiana» bilen «E» toparynda çykyş etjekdigi belli boldy. Paýtagtyň «Köpetdagy» bolsa «F» toparynda Gyrgyzystandan Bişkegiň «Dordoý» we Täjigistanyň Hujand şäherinden adybir «Hujand» topary bilen duşuşar.

Toparlaryň oýunlary 2022-nji ýylyň 24 – 30-njy iýuny aralygynda geçiriler.

Bu toparlaryň iň ökde oýunçylary 2022-nji ýyldaky AFK Kubogynyň zolaklaýyn finalynda çykyş eder. Ýeňiji ýaryşyň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk we 100 müň ABŞ dollary möçberinde pul baýragyny alar.

AFK Kubogy — 2004-nji ýyldan bäri Aziýa Futbol Konfederasiýasy tarapyndan AFK Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin ussatlyk derejesi ýeterlik bolmadyk ýurtlardaky çempionatlaryň ýeňijileriniň we baýrakçylarynyň arasynda geçirilýän ikinji möhüm topar ýaryşydyr.

Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony «Altyn Asyr» 2005-nji ýyldan bäri AFK Kubogynda çykyş edýär. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary 2018-nji ýylda iň ýokary üstünlik gazanyp, finala çykdy, emma Yragyň «Eýe fosiz» (Howa güýçleri) topary bilen oýny şowsuz tamamlandy.

Turkmenistanyň alty gezek çempiony «Köpetdag» bolsa AFK Kubogy ugrunda ilkinji gezek bäsleşer. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň soňky milli çempionatda dördünji orny eýelän topary bu hukugy AFK-nyň ygtyýarnamasyna mynasyp bolandygy sebäpli gazandy.