Ï Ýurdumyzda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi döredilýär

view-icon 9457
Ýurdumyzda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar  merkezi döredilýär

Türkmenistanda ýakyn wagtda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi işe başlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew hasabat berdi.

Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe hem-de sanly ulgama geçirmek, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary we beýleki web-serişdeleri döretmek, gazet-žurnallaryň işlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň örän möhümdigini nygtady hem-de täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek bilen birlikde, Garaşsyz Watanymyzyň beýik gazananlaryny dünýäde giňden beýan etmäge hem gönüden-göni ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.