Ï KHDR bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

KHDR bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy

view-icon 5462
KHDR bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy

Koreýa Halk Demokratik Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli KHDR-iň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hatyny iberdi.

KHDR-iň Döwlet işleri boýunça Başlygy hatynda hormatly Prezidentimizi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, «Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilmegi ýurtlarymyzyň halklarynyň isleglerine we bähbitlerine laýyk gelýär» – diýip belledi.  

Hatynyň ahyrynda Kim Çen Yn döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, ýurdumyzyň halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.