Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammit geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitindäki sanly ulgam arkaly çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň gatnaşyklary köp asyrlar bilen ölçenilýändigini belledi.
Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini bolsa «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýany halkara durmuşa netijeli ornaşdyrmakda hyzmatdaşlarymyz we pikirdeşlerimiz hasap edýäris diýip, döwet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz sammitiň gatnaşyjylaryna ýüzlenip, umumy mümkinçiligimiz, kuwwatly serişde we senagatdyr tehnologiýa binýadymyz ykdysadyýetde hyzmatdaşlyk etmek üçin örän gowy şertleri döredýär diýip belledi. Ýangyç-energetika pudagy şonuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurlup, 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilmegi pudagyň öňdebaryjy desgasyna öwrüldi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, köptaraply bähbitlere düşünmäge, gaz geçirijiniň hereket edip başlamagy bilen açylan mümkinçilikleriň giň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly boldy.