Ï Täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy

view-icon 6488
Täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy

Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylaryna we olaryň maşgalalaryna niýetlenen 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berildi.

Bu amatly ýaşaýyş jaýlar gysga wagtyň içinde guruldy. Bary-ýogy 10 aýyň içinde Mary şäheriniň gündogar böleginde «Şapak» ýaşaýyş toplumynda ýanaşyk geçýän aýlaw ýolunyň ugrunda ähli amatlyklary bolan dört gatly jaý şäheriň gözelligini artdyrdy.

Täze jaýlara göçüp gelenler, aýratyn hem, uly penjireli dört we üç otagly giň hem beýik jaýlardan hoşal boldular. Otaglaryň içki bezegi açyk reňkler bilen ýerine ýetirilipdir, bu bolsa jaýyň içini has-da giň görkezýär.

Binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde agaç nahallary oturdylypdyr, Täze jaýynyň açylyp ulanmaga berilişi şäher ilaty üçin hakyky baýrama öwrüldi. Jaý toýunyň dabarasyny welaýatyň medeniýet, sungat ussatlary, tans we beýleki döredijilik toparlary ýörite taýýarlan gyzykly çykyşlary bilen bezediler. Jaýyň gurluşygynda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.