Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi.
Synçylar degişli hukuk kadalary esasynda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň barşyna hem-de saýlawlaryň geçirilýän gününde ses berlişine syn ederler. Wekillige GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.Anfimow ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň ýolbaşçylary bilen 28-nji fewralda geçirilen duşuşygyň barşynda halkara synçylar toparyň bellän çäreleriniň meýilnamalary hem-de ýerlerde amala aşyrylan işler bilen tanyşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki saýlaw möwsüminde hereket edýän halkara kadalaryň ählumumy saýlaw hukugy, raýatlaryň bäsdeşlik esasynda geçirilýän saýlawlara meýletin gatnaşmagy, hödürlenen dalaşgärleriň ählisi üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegi, saýlaw möwsüminiň barşynda wagyz etmek erkinligi, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goraglylygy, şonuň ýaly-da, aýdyňlyk hem-de açyklyk ýaly esasy ýörelgeler öz beýanyny tapýar.
Öňdäki jemgyýetçilik-syýasy çärä — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna halkara synçylaryň gatnaşmagynyň möhümdigi bellenilip, olaryň saýlaw möwsümine seljerme bermek, şol sanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek işleri ýerine ýetirmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi aýratyn nygtaldy. Hususan-da, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýardam bermeginde Synçylar wekilliginiň zerur tehniki enjamlar hem-de aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen Baş edarasy açyldy.
Wekilligiň işgärleriniň borçlaryna synçylary hasaba almaga ýardam bermek, guramaçylyk meselelerini çözmek, synçylary sebitler boýunça paýlamak hem-de olaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýän günündäki işleriniň tertibini kesgitlemek, synçylaryň hasabatlaryň görnüşlerini we seljermelerini taýýarlamak wezipeleri girýär.
L.Anfimowyň nygtaýşy ýaly, GDA-dan Synçylar wekilligi öz işini umumy kabul edilen halkara kadalaryň esasynda, erkin, döwletiň içerki işlerine gatyşmazdan amala aşyrar. Wekilligiň wezipesi erkin hem-de demokratik saýlawlaryň geçirilmegine ýardam etmekden ybaratdyr.
Şonuň ýaly-da, 28-nji fewralda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.Anfimowyň ýolbaşçylygyndaky Synçylar wekilliginiň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Söhbetdeşlikde 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň barşy hem-de halkara synçylaryň işini guramak barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi, ynsanperwer hem-de beýleki ulgamlarda mundan beýläkki döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
***
28-nji fewralda paýtagtymyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýardam bermeginde saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň hem-de saýlaw çärelerini guramagyň meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Bu çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de hökümet edaralarynyň, şonuň ýaly-da, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenmelerinde häzirki wagtda geçirilýän möhüm syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakdaky hem-de her bir raýatyň ýurduň geljegi baradaky jogapkärçiligine düşünmegindäki ähmiýetini bellediler.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar saýlawlary guramak boýunça halkara tejribeler bilen tanyşdyryldy.