Türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasy, şol sanda, onuň iň parlak ugurlarynyň biri bolan halk sungatynyň hazynasy – asyrlaryň dowamynda emele gelen milli ruhy we medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary ussatlyk bilen açyp görkezýän ussat sazandaly bagşy sungaty ýurdumyzyň suratkeşleriniň ünsünden düşmän gelýär. Dutar ýasamak senetçiligiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi olaryň dünýä medeniýetine bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň ykrar edilmegidir.
Türkmen bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan eserleriň tutuş bir galereýasyny döreden ýaş türkmen suratkeşleriniň biri Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabyndan bolan, häzirki wagtda paýtagtymyzda işleýän Merdan Kakabaýewdir. Onuň, esasan, kompozisiýa görnüşinde ýerine ýetirilen täze suratlar toplumy halk döredijiliginiň aýdym-sazly görnüşine degişli mowzuga, şol sanda bagşynyň aýrylmaz ýanýoldaşy dutardyr gyjaga bagyşlanypdyr. Bagşynyň epik hekaýatlaryň, halk ertekileriniň we dessanlarynyň gahrymanlarynyň, milli sungatyň bu görnüşiniň meşhur wekilleriniň, taryhy binagärlik desgalaryň ýa-da häzirki zaman kaşaň binalaryň, medeni çäreleriň fonunda çekilmegi gyzykly çözgütdir. Şeýtmek bilen, awtor asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alyp gaýdýan iň gowy medeni däp-dessurlarymyzyň nesilden-nesile geçip, bize galan mirasdygyny we çeperçilik gymmatlyklary hem däp-dessurlary gorap saklap, ösdürmekde bagşylaryň uly zähmetini görkezmäge çalyşýar.
Hemişe bolşy ýaly, oňa mahsus bolan natýurmort usulynda çekilen suratlar milli öwüşgindir we açyk reňklere baý, bu ýerde dutar türkmen topragyny, onuň baglarynyň we meýdanlarynyň sahy sowgatlaryny wasp edýän ýaly görünýär.
Merdan Kakabaýew bagşy döredijiligine bagyşlanan birnäçe suratyň awtorydyr. Bular, esasan, meşhur kyssaçy bagşylaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirilen portretleridir. Olaryň hemmesi-de çeper göz öňüne getirişiň täzeçilligi, reňkiň açyklygy, reňk utgaşmasynyň sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Realsitik portret döretmek däplerine eýerip, Merdan eserlerinde şekillendirilen adamyň içki dünýäsini, duýgularyny we başdan geçirmelerini doly görkezip biljek ähli jikme-jiklikleri takyk bermäge çalyşýar.
Baýar bagşynyň, Nazar Baganyň, Palta bagşynyň, Magtymguly Garlynyň, gyjakçy Sapar Bekiniň portretlerinde suratçy olaryň hersiniň nazarynda, ýüz keşbinden duýulýan şahsyýetiniň özboluşlylygyny, beýik ruhy we döredijilik güýjüni aýdyň beýan etmegi başarypdyr.
Merdan Kakabaýew bu portretleriň köpüsini Daşoguz welaýatynyň ýerli taryhy muzeýine sowgat etdi. Olaryň sungata gadyr goýýanlaryň arasynda ykrar edilendiklerine portretleriň diňe bir sebitde däl, eýsem paýtagtyň şekillendiriş sungaty muzeýinde hem görkezilendigi şaýatlyk edýär.