Ï Lebaply telekeçiler senagat önümlerini eksport edýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebaply telekeçiler senagat önümlerini eksport edýärler

view-icon 5424
Lebaply telekeçiler senagat önümlerini eksport edýärler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan, Lebap welaýatynda ýerleşýän hususy kärhanalary 2022-nji ýylyň başky iki aýynda 731 müň amerikan dollaryndan gowrak senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler. Eksporta ugradylan harytlaryň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, akkumulýator batareýalary, geýim-gejimlik nah pagta, senagat garyndy suwuklygy we nah mata pamygy agdyklyk edýär.

Welaýatyň telekeçileriniň öndüren önümleri esasan Özbegistan, Türkiýe, Owganystan, Birleşen Arap Emirlikleri we Hytaý döwletlerine iberildi. Iň köp girdeji getiren harytlaryň hatarynda suwuk bitum mastikasy durýar. «Mizemez gadam» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän bu önüminiň 1352 tonnasynyň, ýagny 323 müň 200 amerikan dollaryna golaýynyň eksport edilmegi, öndürilýän bu önümiň hiliniň ýokarydygyna, onuň daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu kärhananyň önümleri, esasan, Özbegistan we Türkiýe döwletleriniň işewürleri tarapyndan satyn alyndy.

Lebaply telekeçileriň bu ugurdaky görkezijileri olaryň öz ýokary hilli önümleri bilen daşary ýurt bazarlaryny ynamly özleşdirýändiklerine şaýatlyk edýär.