Ï Täze dokma toplumlary – ýokary tehnologiýaly önümçilik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze dokma toplumlary – ýokary tehnologiýaly önümçilik

view-icon 30730
Täze dokma toplumlary – ýokary tehnologiýaly önümçilik

Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlan häzirki zaman dokma toplumlarynda «Jeýtun» we «Mäne» markaly dokma önümlerini öndürmegi özleşdirýärler. Kakaly dokmaçylar tikin önümçiligine – nusgawy we sport eşikleriniň - erkek köýnekleriniň, «çinos» görnüşli jalbarlaryň, çaga jalbarlarynyň we köýnekleriniň önümçiligini ýola goýdular. Babadaýhandaky fabriginde bolsa ýorgan-düşek toplumlarynyň önümçiligi artdyrylýar.

Döwrebap dokma toplumlary egirmegi, dokamagy, boýamagy we tikmegi öz içine alýan iň täze tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen inçe süýümli pagta olar üçin çig mal binýady bolar. Çünki bütin dünýäde iň nepis matalar inçe süýümli pagtadan öndürilýär, olara ýerli sarp edijileriň arasynda-da, daşary bazarlarda-da uly isleg bildirilýär.

Bu kärhanalaryň kuwwaty, degişlilikde 1.200.000 we 3.500.000 sany taýýar geýim öndürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma toplumlarynda «Goza», «Wada», «Bedew», «Nusaý», «Gala», «Arwana», «Bürgüt», «Ýeňiş», «Ak pamyk» haryt nyşanly önümler öndürilýär. Bu günki gün türkmen dokma önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanan ugurlaýyn senagatyň çalt ösmegi, iň oňat içerki we dünýä tejribesiniň ulanylmagy esasynda, daşary ýurtlarda-da bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar.

Dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklaryndan biridir. Häzirki wagtda bu pudakda 70-den gowrak kärhana işleýär. Olaryň düzüminde iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokma kärhanalary, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi gaýtadan işleýän zawodlar bar.

Türkmenistanyň dokma senagatynyň mundan beýläk-de ösmegini we giňemegini üpjün edýän daşary ýurt kompaniýalarydyr halkara maliýe guramalary bilen uly göwrümli hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam edýär. Daşary ýurtly işewürleriň gatnaşmagynda 15 sany häzirki zaman dokma toplumy işe girizilip, olarda halkara hil, dolandyryş we marketing ülňüleriniň iň döwrebap talaplaryna laýyk gelýän önüm öndürmek ýola goýuldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, bu pudakdaky kärhanalary önümçilik we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak we öz tebigy baýlyklaryna esaslanýan innowasion pudaklary döretmek boýunça pudaklaýyn giňişleýin maksatnama işlenip düzüldi. Bu maksatnama elýeterli bahadan ýokary hilli içerki önümleriň köp görnüşini öndürmek arkaly haryt importyny azaldar. 2025-nji ýyla çenli dokma senagatynda 30-dan gowrak taslamany durmuşa geçirmek üçin, 300 million ABŞ dollaryndan gowrak serişde goýbermek meýilleşdirilýär. Meýilleşdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dokma senagatyna bar bolan ýokary tehnologiýaly pudaklary yzygiderli tehniki we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga we täze önümçilikleri döretmäge mümkinçilik berer.

Uly maýa goýumlary diňe bir bar bolan kuwwatlyklary giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmek üçin, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýan kärhanalaryň esasynda 10-dan gowrak täze önümçiligiň döredilmegine-de gönükdiriler.