Ï «Açyk gapylar» günleri geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Açyk gapylar» günleri geçiriler

view-icon 6219
«Açyk gapylar» günleri geçiriler

Ýene bir-iki aýdan orta mekdepleriň uçurymlary üçin soňky jaň kakylar. Onsoň ýaşlar geljekki durmuş ýoluny saýlamaly bolarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilimini dowam etmek isleg bildirýänlere zerur maglumatlar berilýär. Hususan-da, ýaşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geljekki dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» günlerinde özüni gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp bilerler. Şol günler ýaşlara ýokary okuw mekdebiniň işi, bu ýerde okadylýan hünärler, okuwa girmek üçin zerur resminamalar, talyplaryň jemgyýetçilik we medeni durmuşy barada gürrüň berilýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 26-njy martda, 16-njy aprelde we 14-nji maýda 2022-2023-nji okuw ýylynda bu ýerde okamaga höwesli ýaşlar üçin «Açyk gapylar» günlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şol günler Aşgabatdan, Ahal we Balkan welaýatlaryndan oglanlar we gyzlar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine çagyrylýar.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin «Açyk gapylar» günleri Türkmen oba hojalyk instutynda guralar. Lebap welýatynyň oglan-gyzlaryna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi we Mary welýatynyň oglan-gyzlaryna bolsa şol uniwersitetiň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi  garaşýar.