Ï «Lukman gyz» Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Lukman gyz» Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda

view-icon 7831
«Lukman gyz» Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda režissýor Bilbil Mämmedowyň Täçmyrat Repbimowyň pýesasy esasynda goýan aýdym-sazly «Lukman gyz» komediýasynyň taýynlyk görkezilişi bolup geçýär.

Lukmançylyk diplomyny alan Jennet söýgülisi garaşýan dogduk obasyna dolanyp gelýär. Hemme zat gül ýaly, ýöne ertesi irden sport lybasyny geýen Jennet ylgamak üçin obanyň içine çykýar.

— Masgara! — diýip, Näzik daýza gaharlanýar. — Şu bihaýa gyzy-da gelin edinmelimi?! Beýle zat bolmaz!

Belki atalar sözünde aýdylyşy ýaly, «betbagtlykdan medet bolmadyk» bolsady, hakykatdanam, toý bolmazdy. Biziň hekaýatymyzda-da şeýle boldy. Näzik daýzany radikulit «ýykdy». Hyýalynda ol eýýäm ýagty jahandan örküni üzüpdi, şu ýerde-de bir ýerden Jennet peýda boldy, netijede hassa tiz wagtdan aýaga galdy. Şypahanadan çykanda, Jennet Näzik daýza her gün irden maşk etmegi we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagy maslahat berdi.

Näzik şypahanadan öýüne dolanyp gelýänçä, tutuş oba irki ylgawa endik edipdi. Muňa geň galyp, il gözünden utansada Näzik hem eýwanyň tutularyny jebs ýapyp, irki maşklary edip başlady. Diýmek, toýuň boljagyna hiç şübhe galmandy.

«Täçmyrat Repbimowyň pesalaryny halaýaryn — diýip, Bilbil Mämmedow belleýär — Ol sada we düşnükli ýazýar. Onuň gahrymanlarynyň sözleri durmuşdaky ýaly ýürekden çykýar. Oba adamlarynyň başdan geçirýän wakalaryna tomaşa edýän tomaşaçylaryň göwünlerini hoşlar ýaly spektakly sadadan şadyýan etmäge çalyşýaryn. Onsoňam, tutuş oýnuň içinden eriş-argaç bolup geçýän sagdyn durmuş ýörelgesine çagyryş ahyrda maksadyna ýetýär — obadaşlaryň bary sport lybasyny geýýär».

Täçmyrat Repbimowyň «Lukman gyz» pesasy men tarapdan sahnada goýlan ikinji işidir. Onuň «Ajaýyp suratlar» pýesasy boýunça Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda öňem bir oýun goýupdym. Meniň üçin oýndaky gahrymanlardan biriniň aýdan sözleriniň aýratyn gymmaty bar: «Suratdaky dünýä suratçynyň ruhy ýagdaýyna bagly».

Mämmet Hydyrowyň aýdym-saz bezegi we Hudaýberen Gylyjowyň horeografik sazlary esasynda oýunda tans köp ýerine ýetirilýär. Bu bolsa oýnuň gyzykly çykmagyna ýardam edýär.

Oýun tomaşaçylara uly lezzet berer diýen umydymyz bar.