Ï Günorta-Günbatar Türkmenistandaky Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda agtaryş-gözleg işleri geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günorta-Günbatar Türkmenistandaky Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda agtaryş-gözleg işleri geçirilýär

view-icon 7351
Günorta-Günbatar Türkmenistandaky Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda agtaryş-gözleg işleri geçirilýär

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň bölümleri Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda nebit-gazly täze ýerleri gözläp tapma, şeýle hem eýýäm kesgitlenen ýataklarda barlag we goşmaça barlag taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler. Korporasiýanyň baş geologynyň w.w.ý.ý. Döwletgeldi Meredowyň düşündirişine görä, bu maksatlar üçin ýurdumyzyň geologiýa pudagynyň esli mümkinçiligi, hususan-da, geologlara ýerasty baýlyklary öwrenmegi çaltlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman seýsmik we buraw enjamlarydyr tehnologiýalary işe girizilipdir.

Häzirki wagtda «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň hünärmenleri bu zolagyň Gögerendag – Ekerem gaz-nebitli sebitinde 2D we 3D seýsmik barlag hem grawimetrik işlerini alyp barýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen «Ýug-Neftegaz Private Limited» şereketiniň arasynda Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D seýsmik barlaglary geçirmek, Balkhan etegi nebit-gazly sebitiň Günorta Burun meýdançasynda bolsa 2D seýsmik barlaglary geçirmek barada şertnama baglaşyldy. Şu ýyl başlanmagy meýilleşdirilýän kenarýaka zolagynyň bu kyn sebitlerinde alnyp barylýan işler, agtaryş-barlag burawlama arkaly gaz-nebitli ýerleri mundan beýläk-de öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açar.

Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkannebitgazgözleg», «Lebapnebitgazgözleg» we «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýalary nebit-gazly ýerleri tapmak üçin, çuň guýulary burawlamak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirýär. Bu işleriň maksady plioseniň gyzyl reňkli gatlaklarynyň aşaky böleklerinde, miýosende goşmaça barlag işini geçirmek, geljekde bolsa buraw işlerini Mezozoyyň has çuňňur jümmüşine ugrukdyrmakdyr.

Häzirki wagtda bu ekspedisiýalar Gögerendag – Ekerem gaz-nebitli sebitiň Akpatlawuk, Keýmir, Ekerem, Gamyşlyja, Günbatar Körpeje, Maşat, Garadaşly meýdançalarynda; Gyzylgum gaz-nebitli ýerde bolsa Ördekli we Uzynada meýdançalarda; Balkan nebit-gazly sebitiň Demirgazyk Goturdepe, Barsagelmez we Günorta Kelkor meýdançalarynda buraw işlerini alyp barýarlar. Soňky agzalan sebitiň meýdançalaryndaky çuň guýularyň agtaryş-barlag işleriniň ýokarda ady agzalan şereket tarapyndan öň geçirilen 2D we 3D seýsmik barlag netijelerine esaslanyp geçirilýändigini bellemelidiris.

«Türkmengeologiýa» döwlet konserniniň çuň burawlaýyş ekspedisiýalary şu wagta çenli Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda bir gözleg (№ 19a) we iki sany barlag (№ 7a, 24 242) guýusynyň gurluşygyna başlady. Gözleg guýusynyň özleşdirilmegi netijesinde, nebitiň senagat akymy alyndy. Şo-da işe girizildi, barlag guýularyny burawlamak dowam etdirilýär. Uzynada ýatagynda üç gözleg (№ 8, 11 11, № 15) we üç barlag (№ 10, № 13, № 16) guýularynyň gurluşygy başlandy. № 8, 9, 10 we № 13 guýularyň özleşdirilmegi netijesinde, nebit-gaz kondensat garyndysynyň senagat akymlary alnyp, işe girizildi, galanlarynda bolsa henizem burawlama işleri alnyp barylýar.

Bu zolakdaky meýdançalary we ýataklary gözlemek hem barlamak nebitiň we gaz kondensat gorlarynyň goşmaça artyşyna sebäp bolar diýlip garaşylýar.