Ï Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär

view-icon 210
Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň agzybir, zähmetsöýer ýaşaýjylary hem ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna çäksiz şatlyk-şowhun, ýagşydan-ýagşy arzuw-umytlar bilen ykjam taýýarlyk görýärler. 

Welaýatyň çar künjegindäki söwda nokatlarynda, ak bazarlarynda döredilen dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümleriniň, sowgatlyk harytlaryň bolçulygy olaryň köňül buýsanjyna öwrülýär. 

Täsirli, şowhunly pursatlara beslenip, egsilmez buýsanç bilen garşylanýan Täze ýyl baýramçylygynda bereketli saçaklary giňden ýazmak, gelen myhmana hödür-kerem etmek halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlarynyň, mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Sebäbi türkmen halky bereketli baýramçylyk supra-desterhanyny bolçulygyň, sahawatlylygyň, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyň baş nyşanlarynyň biri hasaplaýar. Munuň özi, halkymyzyň Täze ýylda saçaklarymyzyň rysgal-bereketli, ojaklarymyzyň toý-baýramly bolmagy baradaky ýagşy arzuw-umytlary bilen şertlendirilendir. 

Bu ugurda welaýatda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň ilata döwrebap derejede guraýan baýramçylyk söwda hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Baýramçylyk saçaklarymyza bereket bolup dolýan önümleriň, harytlaryň öz ýurdumyzda öndürilýänligi guwandyryjy hakykatdyr. Şu babatda hususy önüm öndürijileriň, hemişe gözlegde bolýan tejribeli telekeçileriň gazanýan üstünlikleri guwançly bellenilmäge degişlidir. Şeýle-de welaýatyň telekeçileri toý-baýramly, rysgal-döwletli ýyllaryň birine öwrülip, şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemleýärler. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, daşarky sarp edijilere ugradylýan harytlaryň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça görnükli netijeleri gazandylar. 

Şu günlerde hem Günbatar sebitiň ýaşaýjylaryny ter gök-bakja önümleri, baýramçylyga degişli sowgatlyk we bezeg serişdeleri bilen üpjün etmekde netijeli çäreler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda welaýatyň merkezi Balkanabat şäherindäki, etrap-şäherlerindäki köpugurly söwda bazarlarynda azyk önümleriniň, gülleriň, sowgatlyk harytlaryň, Täze ýyl arçalarynyň ýaraşykly nusgalarynyň, olaryň dürli öwüşginli bezeg serişdeleriniň elýeterli nyrhlardaky söwdasy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Hut şu ýagdaýyň özem ählihalk baýramyna giňden taýýarlyk görýän balkanly ildeşlerimiziň söýgi-buýsançlaryny hasam artdyrýar. 

Ak bazarlaryň, söwda nokatlarynyň dürli önümlerdir harytlara baýlygy Berkarar döwletimiziň bolçulygynyň, rysgal-berekediniň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de döwletimiziň halkyň bagtyýarlygy, bolelin, abadan durmuşy, ýurdumyzyň berkararlygyny pugtalandyrmak babatdaky giň möçberli tutumlarynyň ähli ugurlarda täze rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.