Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyrynyň altynjy oýny geçirildi.
«Osman döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» temasyndan geçirilen oýundan öň gyzykly gezelenç guraldy. Ýaşlar DIM-niň HGI-niň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary bilen paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna bardylar.
Bu ýerdäki türkmen taryhynyň beýik şahsyýetleriň heýkelleri okuwçylaryň ünsüni özüne çekdi. Osmanlar imperiýasyny kemala getiren Ärtogrul Gazynyň heýkeli olarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Mugallymyň gürrüň bermeginde ýaşlar bu döwletiň taryhy, diplomatik ýörelgeleri, Osmanlar imperiýasynyň daşary we içeri syýasaty barada täze köp zat öwrendiler.
Bäsleşigiň düzgünlerine görä, altynjy oýna iki oglan we alty gyz gatnaşdy. Olar Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň we Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiniň 9-11-nji synp okuwçylarydy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Nurberdi Amanmyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Ahmet Annaberdiýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Dünýä taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Şamuhammet Akmyradow ygtyýarly eminler toparynyň hataryny düzdüler.
Bäsleşigiň ýokary derejede guralmagy, okuwçylaryň ýokary taýýarlygy we olaryň ýeňşe bolan höwesi netiejsinde oýun dartgynly we gyzykly geçdi.
Bäsleşigiň birinji saýlama tapgyrynyň altynjy oýnunda düzgüne görä iki okuwçy - Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary Aýjeren Annageldiýewa bilen Kakageldi Akmyradow ýeňiş gazandylar. Olar bäsleşigiň ýarym finalynda çykyş ederler.
Oýna gatnaşanlaryň ählisine taslamanyň guramaçysy Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň ýadygärlik sowgatlary, Hormat hatlary we şahadatnamalar gowşuryldy.
Oýna döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň birnäçesi hemaýat berdiler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti bar.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýny «Miras» teleýaýlymy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Oňa ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyrynyň ýedinji oýny şu ýylyň 12-nji aprelinde geçiriler. Bäsleşigiň guramaçylarynyň aýtmagyna görä ol Akgoýunly, Garagoýunly we Mamlýuklar türkmen döwletleriniň daşary syýasatyna we diplomatiýasyna bagyşlanar.