Ï Türkmenistanyň taryhy binalarynyň interaktiw kartasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň taryhy binalarynyň interaktiw kartasy

view-icon 28211

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalr merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy (GMU) laboratoriýasynyň EHM üçin progammasyny işläp taýýarlan toparyna 218 belgili awtorlyk şahadatnama gowşurdy. Bu laboratoriýanyň alymlary we hünärmenleri geografik maglumatlar ulgamyndan peýdalanyp, Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasyny düzdüler, ol ýurdumyzyň çägindäki orta asyrlar we antik döwrüň binalaryny görkezýär. Ol karta, arheologik ýadygärlikleriň sanawy we beýany barada, interaktiw kartanyň özüni, şeýle hem habarlaşmak üçin salgylary görkezýän internet sahypa görnüşlidir.

Sanly interaktiw kartada ýadygärlikleriň ady, ýerleşýän ýeri (welaýaty, etraby), etrap merkezine çenli aralygy ýaly maglumatlar, şeýle hem ýadygärlikleriň fotosuratlary bar. Interaktiw kartada Türkmenistanyň çägindäki we serhetýaka döwletlerdäki ilatly ýerleri, suw desgalary (derýalar, köller), awtomobil ýollary, demir ýollar, Beýik ýüpek ýolunyň ugry gatlaklaýyn görkezilýär, relýefli we älemden alnan suratlar bar. Kartada ulaldylýan/kiçeldilýän usullar, ady boýunça binalary gözlemek usullary bar. Ýadygärlikleriň käbiriniň (Nusaý, Paryzdepe) 3d şekili bolup, olar bar bolan salgylarda aýratyn goşundylarda açylýar.