Ï «Sport halklary dostlaşdyrýar» şygar astynda geçirilen bäsleşik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Sport halklary dostlaşdyrýar» şygar astynda geçirilen bäsleşik

view-icon 8121
«Sport halklary dostlaşdyrýar» şygar astynda geçirilen bäsleşik

Türkmenistanyň daşary ýurt dillerini okatmagyň konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelerinden ugur alyp, talyp ýaşlaryň arasynda zehinlileri ýüze çykarmak döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty babatynda bilimlerini artdyrmak maksady bilen online bäsleşik geçirildi. Bäsleşik «Sport halklary dostlaşdyrýar» şygar astynda geçirildi.

Bäsleşige Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Talyplar ýaryşda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmek maksady bilen dürli aýdym sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.