Ï Ýurdumyzyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň web-saýty açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň web-saýty açyldy

view-icon 9373
Ýurdumyzyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň web-saýty açyldy
Ýurdumyzyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň web-saýty açyldy
Ýurdumyzyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň web-saýty açyldy
Ýurdumyzyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň web-saýty açyldy

Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň saýty üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde işläp başlady: archery-tkm.art.

Saýtda Federasiýasynyň alyp barýan işleri, şeýle hem ýaýdan ok atmak sporty hakynda gyzykly maglumatlar bilen tanşyp bolýar we sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak üçin ýazylyp bolýar.

Türkmenistanda ýaý atyjylyk federasiýasy 2015-nji ýylda döredildi. Şol ýyl hem Milli federasiýamyz Bangkokda geçen Kongresde ýaýdan ok atmak boýunça Aziýa federasiýasynyň (AAF) düzümine girdi, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Mehikoda geçen Kongresde ýaýdan ok atmak boýunça Halkara federasiýasynyň (FITA) doly hukukly agzasy boldy – diýip federasiýanyň başlygy Wepa Sähedow habarçymyz bilen bolan söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Şu döwürde ýaýdan ok atmak boýunça Federasiýanyň Aşgabatda, Mary, Daşoguz welaýatynda bölümleri açyldy, şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň bu görnüşi boýunça hünärmenler taýýarlanyp başlandy.

Türkmen peýkamçylary 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Bangladeşde geçen ХХ Aziýa çempionatyna ilkinji gezek gatnaşdylar. 2018-nji ýylda Gyrgyzystanda geçen çarwalaryň Bütindünýä ýaryşynda federasiýanyň başlygy Wepa Sähedow 80 türgeniň arasynda 7-nji orny eýeledi. 2018-2019-njy ýyllarda Halkara olimpiýa komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň, şeýle hem ýaýdan ok atmak boýunça Halkara we Aziýa federasiýalarynyň ýardam bermeginde daşary ýurtly hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýerli tälimçiler we türgenler üçin okuwlar geçirildi.

Milli federasiýamyz şu günler 31-nji Bütindünýä tomusky Uniwersiada we 26-njy iýundan 7-nji iýul aralygynda Hytaýyň Çendu, 10-25-nji sentýabrynda Hançžou şäherlerinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna, şeýle hem Türkiýäniň Konýa şäherinde 9-19-njy awgustda geçiriljek Yslam raýdaşlyk oýunlaryna peýkamçy türgenlerimizi taýýarlaýar.