mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi

view-icon 2250
Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi
Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi
Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi
Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi
Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi
Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi
Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi
Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi
Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi
Peýkamçylar arasynda ýaryş geçirildi

Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýetmişe golaý türgeniň gatnaşmagynda ýaýdan ok atmak boýunça Aşgabadyň çempionaty tamamlandy. Çempionat Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi we Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy tarapyndan guraldy. Peýkamçylar nusgawy we blok ýaýlardan 18 metr aralykdan nyşana ok atdylar.

Erkekleriň arasynda nusgawy ýaýdan ok atmakda iň gowy netijäni Agajan Gullaşow görkezdi. Ikinji orna Jorakuly Joraýew, üçünji orna bolsa Akmyrat Meredow mynasyp boldular. Zenanlaryň arasynda öňdeligi Ogulsuraý Kakyşowa gazandy, ikinji orny Şirin Babaýewa, üçünji orny bolsa Şirin Žožyýewa eýelediler.

Nusgawy ýaý bilen blok ýaýy biri-birinden diňe daşky görnüşi bilen tapawutlanman, eýsem tehniki häsiýeti bilen hem tapawutlanýar. Blok ýaýy kämilleşdirilip, okuň tizligi beýleki ýaýyň okundan tiz we güýçlidir. Bu görnüşde ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony Georgiý Agiýarow birinji orny eýeledi. Ikinji orny Fahraddin Işçanow, üçünji orny Jemal Rozymyradowa eýelediler.

2002-2004-nji ýyllarda doglanlaryň arasynda Aýna Orazgeldiýewa öňe saýlandy.

2005-2008-njy ýylda doglanlaryň arasynda Myrat Ýazmämmedow örän gowy netije görkezdi. Ezizmuhammet Sähedow 2007-2008-nji ýyllarda doglanlaryň arasynda birinji boldy we ol 590 utuk bilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň rekordyny täzeledi.

Kiçi ýaşly oglanjyklaryň arasynda iň ussat mergen Alymuhammt Dosow boldy. Gyzjagazlaryň içinde birinji orny Enaý Reýimowa eýeledi.

Ýaýdan ok atmak biziň günlerimize asyrlaryň jümüşinden gelip ýetendir. Bu häzir Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girýär. Ýurdumyzda bu oýuna isleg bildirýänleriň sany gün geldigiçe köpelýär. Ýaýdan ok atmak Federasiýasynyň döredilen wagtyndan bäri ýurdumyzyň paýtagtynda Mary we Daşoguz welaýatlaynda bölümler açyldy hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda bu ugurdn hünärmenler taýýarlanylýar.