mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Gonkongyň «Kitçi» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyryna çykmana başardy

view-icon 2253
Gonkongyň «Kitçi» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyryna çykmana başardy
Gonkongyň «Kitçi» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyryna çykmana başardy
Gonkongyň «Kitçi» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyryna çykmana başardy
Gonkongyň «Kitçi» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyryna çykmana başardy
Gonkongyň «Kitçi» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyryna çykmana başardy
Gonkongyň «Kitçi» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 tapgyryna çykmana başardy
camera-icon
the-afc.com

Türkmenistanly futbolçy Ruslan Mingazow oýnaýan Gonkongyň «Kitçi» topary ilkinji gezek AFK-nyň Çempionlaryň ligasynda pleý-off tapgyryna çykdy. Ol Buriramada (Tailand) «J» toparyň iki aýlawly ýaryşynyň jemi boýunça belli boldy. Tailandyň «Çiangraý Ýunaýted» topary we Ýaponiýanyň «Wissel Kobe» topary ýaryşyň 1/8 finalyna çykmak ugrunda bäsleşdiler.

Aziýanyň toparlarynyň ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndysynyň 30 ýaşly ýarym goragçysy «Kitçiniň» düzüminde dört oýnuň dördüsine-de gatnaşdy we iki duşuşygyň netijesi boýunça iň gowy oýunçy diýlip yglan edildi. «Çiangraý Ýunaýted» topary bilen geçen birinji oýunda ol oýnuň 17-nji minutynda ýeňiş pökgüsini geçirdi, 3:2 hasabynda «Kitçiniň» ýeňşi bilen tamamlanan oýunda bolsa Aleksandr Akandeniň salan birinji pökgüsine ýardamçy boldy.

Hatarynda dünýäniň meşhur futbolçylarynyň biri, Ispaniýanyň ýygyndy toparynyň hatarynda 2010-njy ýylda dünýäniň çempiony, 2008 we 2012-nji ýyllarda Ýewropanyň iki gezek çempiony bolan, 37 ýaşly Andres Inýestanyň çykyş edýän Ýaponiýanyň «Wissel Kobe» topary bilen duşuşyk dartgynly geçdi. Birinji oýunda «Wissel Kobe» toparyny 2:1 hasabynda utdy. 

6 utuk toplan «Kitçi» jemleýji tapgyrdan öň «Wissel Kobe» bilen geçen oýunda 1 utuk gazandy. Gongkongly topar oýnuň dowamynda öz derwezesine iki gezek gol geçirtdi. Oýnuň tamamlanmagyna 3 minut galanda-da «Kitçi» 1:2 hasabynda utulýardy. Ýöne goşmaça berlen wagtda Gonkongyň 11 gezek çempiony hasaby deňlemegi başardy. Bu netije toparlaryň ikisini hem kanagatlandyrýardy, şeýlelikde olar Aziýanyň iň abraýly ýaryşynyň pleý-off tapgyryna çykdylar.

«Men «Kitçiniň» hatarynda Aziýanyň ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşýaryn. Gonkongyň toparynyň ozal ýetmedik derejesine –1/8 finala çykdyk. Kimdir biri taryhy öwrense, beýlekileri ony ýazýar, olaryň ikinjisi has gowusy. Şu döwürde ýanymda bolan ýakynlarymyň ählsine minnetdarlyk bildirýärin. Maňa ýürekden buýsanýan we meni goldaýan adamlara, eziz Türkmenistan – Watanyma sag bolsun aýdýaryn. Ildeşlerimden köp gutlag aldym» – diýip, R.Mingazow aýtdy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň hatarynda 26 oýna gatnaşyp, 4 pökgi geçiren Ruslan Mingazow ozal Ýewropanyň birnäçe toparlarynda – Latwiýanyň «Skontosy», Çehiýanyň «Slawiýa», «Mlada-Boleslaw», «Prişibram», Gazagystanyň «Irtyş», «Şahtýor» we «Kaspiý» toparlarynyň hatarynda çykyş etdi. 

Şu ýylyň martynda Ruslan Mingazow «Kitçi» bilen şertnama gol çekip, Gonkongyň futbol boýunça çempionatynda oýnaýan ilkinji türkmen futbolçysy boldy.

AFK-nyň Çempionlar ligasynda toparlaýyn tapgyrynyň netijesi boýunça «Gündogar» zolakda Ýaponiýanyň «Wiýesel Kobe» we Gonkongyň «Kitçi» toparlary bilen birlikde «Tegu» (Koreýa Respublikasy), «Bi Ji Pathum Ýunaýted» (Tailand), «Iokogama F. Marinos» (Ýaponiýa), «Johor Darul Tazim» (Malaýziýa), «Çonbuk Hýonde Motors» (Koreýa Respublikasy) we «Urawa Red Daýmonds» (Ýaponiýa) toparlary 1/8 finala çykdylar.

«Günbatar» zolakda bolsa «Al-Hilýal», «Aş-Şabab», «Al-Feýsali» (Saud Arabystany), «Er-Raýýan», «Al-Duhail» (Katar), «Nasaf» (Özbegistan), «Şabab Al-Ahli» (BAE) we «Fulad» (Eýran) 1/8 finala çykdylar.

«Gündogar» zolagyň 1/8 final oýunlary 2022-nji ýylyň 18-19-njy awgustynda, «Günbatar» zolakdaky oýunlar bolsa 2023-nji ýylyň 3-4-nji fewralynda geçiriler.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finalynda iki oýun oýnalar. Olar 2023-nji ýylyň 19 we 26-njy fewralynda birinji oýun «Günbatar» zolakda, jogap oýny «Gündogar» zolakda geçiriler.