Ï NCUMC-2022: Türkmenistanly talyplaryň 15-si ýeňiji boldy we 48-si baýrakly orunlary eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

NCUMC-2022: Türkmenistanly talyplaryň 15-si ýeňiji boldy we 48-si baýrakly orunlary eýelediler

view-icon 7094
NCUMC-2022: Türkmenistanly talyplaryň 15-si ýeňiji boldy we 48-si baýrakly orunlary eýelediler

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgyň informasiýa tehnologiýalary, mehanika we optika milli barlaglar uniwersitetinde (ITMO Uniwersiteti) geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VIII Matematika olimpiadasynda (NCUMC-2022) gowy netije gazandylar.

Her ýyl geçirilýän bäsleşige dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinden – Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Ermenistandan, Polşadan, Estoniýadan, Indoneziýadan, Gresiýadan, Çehiýadan talyplar gatnaşýarlar.

Şu ýyl NCUMC-2022 şahsy bäsleşiklerde 31 ýeňiji kesgitlenildi. Olaryň 15-si türkmenistanly talyplardyr. Birinji ýerler Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda deň paýlanyldy, Özbegistandan bir talyp ýeňiji boldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden – Merdangeldi Baýramow, Akmuhammet Akmyradow, Sähragül Garlyýewa, Salyhbek Döwletmyradow, Röwşen Öwezmyradow, Söhbet Maksadow we Eziz Saparow ýeňiş gazandylar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary – Oguldöndi Gulyýewa, Döwlet Rozyýew, Aýgül Begenjewa, Aýmaral Ýazmyradowa, Kuwwatmämmet Hajyýew we Akja Potdyýewa 1-nji orny eýelediler.

Muhammet Annaýew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), we Döwran Myradow (Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersiteti) ýeňiş gazandylar.

Ikinji orunlaryň 32-sine we 16 üçünji ýere ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary mynasyp boldular.

Toparlaýyn bäsleşiklerde jemi 2 sany birinji, 1 sany ikinji we 1 sany üçünji ýerler bellenildi. Ikinji orun Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar toparyna berildi.

Ýeňijilere we baýrakly ýerleri eýelänlere degişli derejedäki diplomlar gowşuryldy.

Türkmen talyplarynyň NCUMC-2022-de baýrakly ýerleriň 63-sini eýelemegi olaryň soňky ýyllardaky olimpiadalarda gazanan iň gowy netijesidir. Mysal üçin, NCUMC-2021 bilen deňeşdireniňde ýeňijileriň we baýrakly orunlary eýelänleriň sany iki esse artdy.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri öz talyplaryna – tejribeli halypa-mugallymlaryň ýolbaçylygynda we özbaşdak ylma höwesek, matematika ezber ýaşlara guwanýarlar. Şeýle işiň netijesinde niýet edilýän ýokary dereje gazanylýar, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň üstünlikleri artýar, ýurdumyzyň abraýy ýokarlanýar, ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça milli bilimde ajaýyp sepgitlere ýetilýär.