Ï Ruslan Mingazowyň çykyş edýän Gonkongyň “Kitçi” kluby AFK Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlarynda Taýlandly klub bilen oýnar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ruslan Mingazowyň çykyş edýän Gonkongyň “Kitçi” kluby AFK Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlarynda Taýlandly klub bilen oýnar

view-icon 3848
Ruslan Mingazowyň  çykyş edýän  Gonkongyň “Kitçi” kluby AFK Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlarynda Taýlandly klub bilen oýnar

AFK Çempionlar ligasynyň pleý-off oýnunda Gonkoňyň “Kitçi” kluby Taýlandyň “BG Pathum Ýunaýtid” kluby bilen oýnar. Onuň düzüminde türkmen futbolçysy Ruslan Mingazow hem çykyş edýär. Bu barada Aziýa Futbol Konfederasiýasy habar berdi.

“Kitçi” barada aýdylanda bolsa, Gonkongyň 11 gezek çempiony Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 30 ýaşly ýarymgoragçysy R. Mingazowyň tagallasy netijesinde ilkinji gezek AFK Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlarynda oýnamak hukugyny gazandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde  oýnan 26 oýnunda 4 topy tora salan Ruslan Mingazowyň şu ýylyň mart aýynda “Kitçi” bilen şertnama baglaşdy

AFK Çempionlar ligasynyň finaly iki oýundan ybarat bolar. Duşuşyklar 2023-nji ýylyň 19-njy we 26-njy fewralynda geçiriler. Birinji oýun “Günbatar”, jogap oýny bolsa “Gündogar” zolakda geçer.