mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert

view-icon 2578
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Mekdebiň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Nebit-gaz toplumynyň Aşgabat şäherindäki Medeniýet we işewürlik merkezinde 1-nji çagalar aýdym-saz mekdebiniň 85 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Bu çärä ýaş zehinleriň ýüzden gowragy gatnaşdy.

Talyplar mugallymlar bilen bilelikde ýerli we daşary ýurtly kompozitorlaryň meşhur eserlerini ýerine ýetirdiler. Guwançmuhammet Saparlyýewiň ýolbaşçylygyndaky mekdep orkestriniň  ýerine ýetirmeginde Rejep Rejebowyň, Telman Hajyýewiň, Georgiý Swiridowyň eserleri ýaňlandy. Anželika Ýalkabowanyň ýolbaşçylygyndaky “Altyn serpaý” skripkaçylar topary şirin owazly sazlary ýerine ýetirdiler.

Serdar Çaryýewiň akkordeonynyň owazy diňleýjileri Parižiň saýaly köçelerine gezelenje alyp çykdy. Milada Nurlyýewa Döwrangeldi Orazmuhammedowyň skripkada we Jahan Öwezowanyň fortepianoda sazandalyk etmeginde J. Kaççininiň “Ave Mariýa” aýdymyny ýerine ýetirdi.

1-nji çagalar aýdym-saz mekdebiniň uçurymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň çykyşy hemmelerde ýakymly täsir galdyrdy. Ol Ferents Listiň “Söýgi arzuwlary” atly iň meşhur eserlerinden birini ýerine ýetirdi.

– Men aýdym-saz mekdebine 1979-njy ýylda girdim. Saz älemi bilen meni Tatýana Georgiýewna Berniçenko tanyşdyrdy, okuwymy bolsa Lýudmila Konstantinowna Redko bilen tamamladym. Mekdep meniň hatyramda köp mähirli ýatlamalary galdyrdy. 1986-njy ýylda Wilnýusda (Litwa) Balis Dwarionas adyndaky halkara ýaryşa gatnaşmagym şolardan biridir. On bäş ýaşymda ilkinji gezek şeýle derejedäki döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldum diýip,–Wladimir Sergeýewiç aýdýar.

Şol wagtam Natella Barsamýan, Hatyja Kulyýewa, Arzygül Ýarjanowa we Anastasiýa Kostnikowanyň fortepiano kwarteti tarapyndan ýerine ýetirilen popurri ýaňlandy. Dutarçylar topary çeper ýolbaşçylary Maýa Babalyýewa bilen bilelikde olar türkmen halk sazyny ýerine ýetirdiler. Iň soňky çykyş ýurdumyzyň ak mermer paýtagtynyň gözelligine bagyşlanan “Aşgabat” aýdymy boldy.

El çarpyşmalar uzak wagtlap dowam etdi, sebäbi ene-atalar, dostlar we kärdeşler zaldaky garyndaşlaryny, synpdaşlaryny we mugallymlaryny gutlamaga gelipdiler.

– 1-nji çagalar aýdym-saz mekdebinde okan ýyllarym hakydamda köp-köp ýakymly ýatlamalary galdyrdy.  Ajaýyp mugallym Natalýa Wladimirowna Mažarowadan fortepiano dersini öwrendim. Ol maňa saza bolan ukyplarymy ösdürmäge kömek etdi, şonuň üçin-de onuň bilen döredijilik baradaky eden  söhbetlerimizi ýygy-ýygydan ýatlaýaryn. Men hor sapaklaryny-da gaty haladym. Ine, şonda-da geljekki hünärimi saýladym. Täze başlaýan sazandalara öz maksatlaryna ýetmekde üstünlik arzuw edýärin diýip,–Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa gürrüň berýär.

1-nji çagalar aýdym-saz mekdebi 1937-nji ýylda döredilipdir. Şu döwür içinde onuň mugallymlary ýaş ýerine ýetirijileri beýik kompozitorlaryň döredijiligi bilen tanyşdyrdy, medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolan aýdym-saz dünýäsini olara tanatdy. Uçurymlaryň köpüsi döredijilik ýoluny dowam etdirdiler.