Ï Sahnada - Anton Çehow öz eserleriniň gahrymanlary bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sahnada - Anton Çehow öz eserleriniň gahrymanlary bilen

view-icon 352
Sahnada - Anton Çehow öz eserleriniň gahrymanlary bilen
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Çehowyň wodewilleri» spektaklynyň ilkinji görkezilişi uly üstünlik gazandy.

A.P.Çehowyň üç — «Öküz batgalygy», «Aýy» we «Ýubileý» hekaýalary «Wodewiller» tapgyryna girdi we teatr režissýorlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Ýaş režissýor Baýram Garajaýew tanymal eserleri sahnalaşdyranda Çehowyň gülküli hekaýalaryna ol awtoryň özüni hem girizdi. 

Tomaşaçylar üçin garaşylmadyk ýagdaýda spektakl ýazyjy bilen kitap hem žurnal neşir edýänleriň arasyndaky çaknyşygy bilen başlandy. Onuň eserlerine «Beýle ýagdaý bolup bilmez» – diýip, çözgüt çykarylýar. Tankytçylaryň düşünmezliginden lapykeç bolan ýazyja aýaly Olga Leonardowna (aktrisa Alina Andronowa) teselli berýär. Adamsynyň ünsüni sowmak üçin ol otagyň bir burçundaky fortepianonyň başyna geçýär-de, tutuş spektakly aýdym-saz bilen ýerine ýetirýär.

Bu gün biz Çehowyň geň gülküli ýagdaýlara düşýän özüne çekiji gahrymanlaryna haýran galýarys. Sahnadaky onuň muşdaklarynyň biri: «Ol geljegiň ýazyjysy» - diýýär. Ýazyjynyň durmuşyny weýran eden tankytçylar bireýýäm ýok bolup gitdiler, ýöne Çehowyň gahrymanlary henizem aramyzda, olar hemişe wajyp we islendik jemgyýetde islegli.

Režissýoryň Anton Pawlowiçiň gündeliginden we hatlaryndan alnan publisistik gollanmalary ulanylmagy ýerine düşüpdir. Öňümizde döredijiligi biziň ünsümizi çekýän söýgüli ýazyjynyň keşbi peýda bolýar, tankytçylar bolsa şol eserler üçin oňa azap beripdiler.

Spektaklyň artykmaçlygy kän. Olaryň esasysy — edil göz öňüne getirişimiz ýaly Anton Pawlowiç (Mekan Ödekow). Ýene bir artykmaçlygy sahnada aýdym aýdylmagydyr. Jemleýji «Ýan, şöhle saç, meniň ýyldyzym» ronamsyny aktýorlar ýerine ýetirdiler. Ýagtylygyň nyşany bolan şemi tomaşaçylaryň biri ýakýar. Şunuň bilen spektakly döredijiler Çehowyň eserleriniň döwürdeşlerimiz üçin hem ýerliklidigini nygtamak islediler.

Spektaklyň sahna bezegi hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Wodewil sahnalarynyň nirededigine garamazdan, dworýanyň öýündemi ýa-da bank edarasynda, tapawudy ýok, gara gutular bezeg bolup hyzmat edipdir. Tomaşaçylar režissýoryň ençeme özboluşly tilsimler ulanan «Çehowyň wodewilleri» spektaklyny gowy kabul etdiler. 

Özüne çekiji we üýtgeşik, ýatdan çykmajak spektakly üçin oňa hoşallyk bildirmek üçin aktýorlar we tomaşaçylar «Režissýory çagyryň, režissýory!» - diýýärdiler.

Baýram Garajaýew: 

Birden başaryp bilmerin diýip, Çehowyň eserlerini almakdan biraz çekindim. Tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna çenli üstünlik gazanjakdygyma ynanmaýardym. Indi köşeşdim, tomaşaçylar meni goldadylar. Diýmek, «Çehowyň wodewilleri» spektaklyny goýşyma düşünilýän ekeni — diýdi.