Ï Meşhur ýapon teleserialy ýaýlymda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meşhur ýapon teleserialy ýaýlymda

view-icon 6730
Meşhur ýapon teleserialy ýaýlymda

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Ýaponiýanyň Ilçisi Hiroýuki Ýamamotonyň «Goçiso-san» (Bereket bersin!) atly teserialyny ýaýlyma bermek üçin, Komitetiň başlygyna wideo materiallary gowşurmak dabarasy bolup geçdi.

Ýapon tarapyndan berlen bu filmiň şu tomusdan başlap Türkmenistanda giň tomaşaçylar köpçüligine hödürlenmegine garaşylýar.

«Goçiso-san» 2013-2014-nji ýyllarda Ýaponiýanyň ähli künjeginde ýaýlyma berlen meşhur teleserial bolmak bilen, tomaşaçylaryň çäksiz söýgüsini gazandy.

Wakalary Meýdzi döwrüniň ahyryndan uruşdan soňky döwrüň başyna çenli Tokioda we Osakada bolup geçýän bu drama adamlar üçin ähliumumy mowzuk bolan işdä hem söýgi temasyny gozgaýar. «Goçiso-san» – ýaponlaryň minnetdarlyk alamaty hökmünde nahardan soň aýdýan sözleri.

Bu wakanyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýan wagtynda aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny bellemelidiris.