Ï Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 5205

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese Gawana şäherindäki “Saratoga” myhmanhanasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.