mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Tehnologiýalar merkezi elektron resminama dolanşygyny ornaşdyrýar

view-icon 4061
Tehnologiýalar merkezi elektron resminama dolanşygyny ornaşdyrýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Maglumatlar howpsuzlygy we kommunikasiýa tehnologiýalary laboratoriýasynda «E-DOC» Elektron resminama dolanşygy» programmasy işlenilip taýýarlanyldy. Programma Tehnologiýalar merkezinde, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň beýleki ylmy-barlag institutlarynda elektron resminama dolanşygy ulgamyna üstünlikli ornaşdyryldy. Şu ylmy-barlag institutlarynda resminamalary elektron görnüşde alyşmak, elektron serişdeleri, serwisleri we hyzmatlary ulanmak arkaly maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalary binýadynda sanly gurşawy üpjün eder.

Maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalary binýadynda sanly gurşawy döretmäge gönükdirilen bu programma ylym ulgamyny ýurdumyzyň bütewi elektron resminama dolanşygy ulgamyna goşmaga mümkinçilik berer.

«Sanly» düzüm Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasynyň talaplaryna we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň tassyklan «Elektron resminama dolanşygy ulgamyna bütewi tehniki talaplaryna» laýyklykda ornaşdyryldy. Ol ulgamda resminamalary dolandyrmak üçin olaryň ulanylyşynyň tapgyrynyň döretmek, redaktirlemek, saklamak ýaly ähli derejelerinde gurallaryň tutuş toplumynyň bolmagyny göz öňünde tutýar. Programma şeýle hem resminamalaryň ugurlaryny, gözleg, toparlara bölmek we ş.m. esasy wezipelerini üpjün edýär.

«E-DOC» Elektron resminama dolanşygy» programmasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçiligi döwlet gullugynyň 223 belgili şahadatnamasy berildi.

Maglumatlar howpsuzlygy we kommunikasiýa tehnologiýalary laboratoriýasynyň kiberhowpsuzlygy ulgamynda üpjün etmäge ygtyýarnamasy (Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň 2021-nji ýylyň 5-nji maýyndaky 1-11-20-83 belgili ygtyýarnamasy) bar.

Şunuň bilen baglylykda, laboratoriýanyň hünärmenleri elektron resminama dolanşygy ulgamyny işläp taýýarlamakdan başga-da, web-saýtlary (adaty we ýörüte), ykjam goundylary, IT-konsalting döretmek boýunça işleri alyp barýarlar, awtomatlaşdyrylan çözgütleri işläp taýýarlaýarlar, serwerleri sazlaýarlar we kiberhowpsuzlygy ulgamyna degişli beýleki hyzmatlary ýerine ýetirýärler.

Hususan-da, laboratoriýanyň işgärleri Tehnologiýalar merkeziniň www.scitech.gov.tm domen ady bilen web-saýtyny işläp taýýarladylar, onda Merkeziň ylmy işleri we Merkezde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar barada maglumatlar yzygiderli ýerleşdirilýär.