Ï Ýüpekçilik: pile harmanlary beýgelýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýüpekçilik: pile harmanlary beýgelýär

view-icon 5354
Ýüpekçilik: pile harmanlary beýgelýär

Lebap welaýatynda döwlete pile tabşyrmagyň şertnamalaýyn borçnamasyny berjaý edýän etraplaryň sany barha artýar. Gündogar sebtiň Halaç, Kerki, Hojambaz etraplarynyň pileçileri welaýatda ilkinjiler bolup, arzyly pellehana ýetmekligi başardylar. Munuň özi bu etraplarda möwsüme ykjam taýýarlykly gelnip, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygynyň, gurçuk idetmekde agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilendiginiň netijeleridir. Meýilnama amal edilende Halaç etraby boýunça 200 tonna, Kerki etraby boýunça 85 tonna, Hojambaz etraby boýunça hem 97 tonna pile Watan harmanyna tabşyryldy.

Bu etraplarda häzirki wagtda hem döwlete pile tabşyrmaklyk dowam etdýär.

Welaýatyň çäginde ýüpek gurçuklaryny idetmeklige ähli zerur şertler döredildi. Bu jogapkäli işe tejribeli pileçi – kärendeçiler saýlanyp alyndy. “Lebapwelaýatýüpek” önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň yzygiderli aladalary we ýakyndan beren goldawlwry netijesinde bol pile öndürildi. Şu günler etraplaryň ählisinde döwlete pile tabşyrmaklyk gyzgalaňly dowam edýär.

Bu bolsa welaýatyň pileçileriniň möwsümde 1010 tonna pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýakyn wagtlarda artygy bilen amal etjekdiklerine şaýatlyk edýär.