mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Golf boýunça Aşgabadyň çempionatynyň ýeňijileri belli boldy

view-icon 880
Golf boýunça Aşgabadyň çempionatynyň ýeňijileri belli boldy

Paýtagtymyzyň golf-klubynyň çäginde golf boýunça Aşgabadyň çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Golf federasiýasynyň guran ýaryşy dürli ýaş tapgyrlardan ybarat boldy.

Ýaşy 16-a çenli ýetginjekleriň arasynda Aşgabadyň 32-nji orta mekdebiniň okuwçysy Döwletmyrat Aýdaşew ýeňiş gazandy. Teýmur Allaýarow 2-nji, Azym Muhammedow 3-nji orny eýelediler.

13 ýaşa çenlileriň arasynda Röwşen Gurbangeldiýew çempion boldy. 2-nji orna Yslam Gurbannyýazow mynasyp boldy, 3-nji ýeri Süleýman Öwezdurdyýew bilen Azym Taganow paýlaşdylar.

Ýaşy 20-ä çenli gyzlaryň arasynda Bilelikdäki türkmen-russiýa mekdebiniň okuwçysy Leýli Çaryýewa iň gowy netije görkezdi. Leýli Maşaýewa kümüş, Gülnabat Nepesowa bürünç medal mynasyp boldular.

Iň ýaşajyklaryň (10-11 ýaşlylaryň) arasynda golf boýunça ýaryşa oglanjyklar we gyzlar bile gatnaşdylar. Onda Elina Belikowa 1-nji, Süleýman Çaryýew 2-nji ýere myansyp boldular, 3-nji orny Ahmet Annaýew bilen Resul Aulow paýlaşdylar.

Ýaňy-ýakynam türkmenistanlylar üçin golf geň oýundy. Ol 2017-nji ýylda Aşgabatda ilkinji golf-klub açylandan soň ýurdumyzda resmi taýdan ösüşe eýe boldy.

Meýdançalar bilen birlikde 70 gektardan gowrak meýdany tutýan täze toplum paýtagtymyzyň günorta-günbatar çetinde, «Ýyldyz» myhmanhanasynyň golaýynda ýerleşýär. Bu oýun üçin üýtgeşik landşaft taslamasyny amerikaly tanymal professional golf oýunçysy Jek Niklausyň ýolbaşçylyk edýän «Nicklaus design» kompaniýasy işläp taýýarlady. Gurluşyk işlerini ençeme belli binalary, şol sanda Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» sport toplumyny guran «Myradym» hususy kärhanasy ýerine ýetirdi.

Klubyň çäginde şeýle hem emeli howdanlaryň dördüsi bar. Oýunçylara meýdança-çukurjyklary 18-si teklip edilýär. Bu meşhur oýunda islendik kişi özüni synap biler.