Ï Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrunda bäsleşik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrunda bäsleşik

view-icon 6113
Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrunda bäsleşik
camera-icon
tff.com.tm

Futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşlar başlandy. Bu ýyl paýtagtymyzyň baýragy ugrunda dört topar bäsleşýär. Olar Türkmenistanyň baş ligasyndan üç – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlary we ýurdumyzyň ýaşlar ligasyna degişli «Ahal-2» topar.

Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşýanlar biri-biri bilen bir sapar duşuşar, şondan soň birinji we ikinji orna düşen iki topar baýrakly orunlar ugrunda, yza galan iki topar bolsa 3-nji ýer ugrunda güýç synanyşarlar.

Ilkinji iki oýun «Aşgabat» stadionynyň esasy meýdançasynda geçirildi. Açylyş oýnunda Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn Asyr» topary «Aşgabat» toparyndan 5 : 2 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijilerden Nurmyrat Rozyýew (5-nji minutda), Begmyrat Baýow (34-nji minutda), Myrat Annaýew (57-nji minutda), Altymyrat Annadurdyýew (65-nji minutda) we Myrat Ýagşyýew (84-nji minutda) topy tora saldylar. Ýeňlen tarapdan topy iki gezek tora salmak bilen, Merdan Gurbanow (64-nji minutda we 73-nji minutda – jerime urgusyndan) bellendi.

Ikinji oýunda «Köpetdag» 2:0 hasabynda «Ahal-2»-den üstün çykdy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary üçin ýeňşi Batyr Berdiýewiň (7-nji minutda) we Ýazgylyç Gurbanowyň (71-nji minutda) tora salan toplary üpjün etdi.

Ýaryş 18-nji maýda tamamlanar.