Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat

view-icon 2182

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Halklarymyzy birleşdirýän beýik baýram gününde faşizm bilen göreşde janlaryny aýaman egin-egne berip, mähriban topragyny hem-de millionlarça ynsanyň azatlyga bolan hukugyny goran atalarymyzyň we enelerimiziň, babalarymyzyň we mamalarymyzyň mukaddes hakydasynyň öňünde hormatyň we tükeniksiz minnetdarlygyň nyşany hökmünde baş egýäris. Olaryň bilelikde görkezen edermenligi baradaky hatyra ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygyny halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk esasynda ösdürmek üçin berk binýat bolup durýar.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu nurana günde Size berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Waagn Haçaturýan,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.