mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Aşgabatda Konstitusiýa we Döwlet baýdagy Güni mynasybetli sergi açyldy

view-icon 4277
Aşgabatda Konstitusiýa we Döwlet baýdagy Güni mynasybetli sergi açyldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we döwlet Baýdagynyň Gününe bagyşlanan sergi açyldy.

Sergide ýurumyzyň ösüşlerini wasp edýän sekillendiriş sungatynyň wekilleriniň zehininden dörän žiwopis, grafika, heýkeltaraşlyk işleri we milli şaý-sepler görkezilýär. Çeper işler dogduk Diýarymyzyň gözelligini, Konstitusiýa Binasyny we Baş baýdagymyzy wasp edýär.

Ak mermer Aşgabadyň gözellikleriniň biri-de Ginnesiň Rekkordlar kitabyna giren beýikligi 133 metr baýdak sütünidir. 2011-nji ýylda döwletimiziň Baş Kanunynyň hatyrasyna açylan uzynlygy 185 metr Konstitusiýa Binasy, onda pasyrdaýan milli ýaşyl baýdak sungat ussatlaryny dörejilige ruhlandyrýar.

Goşa baýram - Konstitusiýa we Döwlet baýdagy Güni 18-nji maýda bellenilýär.