Ï «Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabat kubogynda öňdeligi eýeleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabat kubogynda öňdeligi eýeleýär

view-icon 6551
«Altyn asyr» futbol boýunça Aşgabat kubogynda öňdeligi eýeleýär
camera-icon
tff.com.tm

Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary dowam edýän futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda öňdebaryjylygy ele aldy. Türkmenistanyň häzirki çempiony ikinji tapgyrda «Ahal» toparyny 3:1 hasaby bilen utmagy netijesinde 6 utuk gazandy we ýaryşda öňe çykdy.

Oýun Büzmeýin etrabynyň stadionynda geçdi. Ýeňiji topardan Myrat Annaýew (33-nji minut) we Nurmyrat Rozyýew (83-nji) tapawutlandy. 13-nji minutda «Ahalyň» oýunçysy Nurýagdy Baýramow öz derwezelerine bir topy geçirdi. Utulan tarapdan top geçirmek artykmaçlygy Meýlis Hoşmyradowyň (54-nji) adyna ýazyldy.

Köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçen başga bir duşuşykda «Aşgabat» bilen «Köpetdagyň» futbolçylary 1:1 hasabynda deňe-deň oýnadylar. «Köpetdagyň» oýunçysy Bagtyýar Gürgenowyň 36-njy minutda geçiren topuna ýer eýeleri 78-nji minutda Merdan Muhadowyň takyk urgusy bilen jogap berdiler.

Şeýlelikde, iki ýaryşdan soň «Altyn asyrdan» «Köpetdag» 2 utuk yza galýar. «Aşgabadyň» bir utugy bar. «Ahal-2» toparynda, iki utulyşdan soň, häzirlikçe utuk ýok.

13-nji maýda geçiriljek üçünji tapgyrda «Ahal-2» «Aşgabat» bilen, «Köpetdag» bolsa «Altyn asyr» bilen duşuşar.

Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşlar dört toparyň gatnaşmagynda geçirilýär. Iki aýlawly ýaryşlaryň netijeleri boýunça iň gowy iki topar finalda baş baýrak ugrunda bäsleşer. Beýleki iki topar bolsa 3-nji ýer ugrunda güýç synanyşarlar.